Möhüm ulgamda zamanabap gadamlar

27 Iýul 2022
525

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk toýuna barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz elmydama halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Döwrüň bedew bady bilen öňe barýan Galkynyşly günlerinde hormatly Prezidentimiziň ulag ulgamyny ösdürmäge berýän aýratyn üns-aladalary netijesinde uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine  18-19-njy iýulda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň geçirilmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran wekilçilikli forumyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, bilermenler, maýadarlar, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu möhüm çäre ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ýaýbaňlandyrmakda, özara arabaglanyşygy we ösüşi gazanmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Beýleki habarlar