Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygy dürli görnüşlerde netijeli ösdürmek ugrunda çykyş edýär.
Türkmenistanyň ulag strategiýasy uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Şu maksat bilen, ýurdumyz söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar we amala aşyrýar. Bu diňe bir oňyn öňegidişlikleri hem ösüşleri gazanmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, şol bir wagtyň özünde döwrüň ýüze çykarýan möhüm meseleleriniň hemmetaraplaýyn öwrenilmegine ýardam berýär.