Toýly agany köpler tanaýan bolsa gerek. Asyl olara demirýolçular maşgalasy hem diýilýär. Ata-babalarymyz arassa, halal zähmet çekmegiň her bir adama eşret getirýänligini «Çekseň zähmet, ýagar rehnet» diýen parasatly pähimde beýan edipdirler. Özüniň bütin ömrüni Watanymyza, il-günümize hyzmat etmäge bagyşlap, zähmetden bagt tapan bagtyýar maşgalasy bar. Ata-babaňdan gelýän asylly käri dowam etdirip, nesliňe geçirmek, elbetde, döwletlilikden nyşandyr.
Toýly aga 1980-nji ýylda Orta Aziýa demir ýolunyň Aşgabat raýat desgalary edarasynyň işçisi bolup zähmet ýoluna gadam basýar. Ýaşlyk joşguny bilen ruhlanýan ýaş ýigidiň okuwa bolan höwesi ony Daşkent şäherindäki Demir ýol ulaglarynyň inženerlerini taýýarlaýan instituta alyp barýar. Okuwa uly yhlas bilen ýapyşan Toýly 1995-nji ýylda bu instituty üstünlikli tamamlap, inžener-mehanik hünärini ele alyp, «Türkmendemirýollary» müdirliginiň depo boýunça nobatçysy wezipesinde işe başlaýar.