Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň aýdyň ýoly

26 Iýul 2022
700

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Azi­ýa­nyň mer­jen şä­he­ri Aş­ga­ba­dyň gö­zel kün­je­gin­de ýer­leş­ýän Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da «Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri: öza­ra ara­bag­la­ny­şyk we ösüş» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ýew­ra­zi­ýa­da üs­ta­şyr ulag hyz­mat­daş­ly­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga ba­gyş­la­nan bu hal­ka­ra mas­la­ha­tyň Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­ hem-de «Türk­men Fo­rum» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti bi­len bi­le­lik­de gur­al­ma­gy, bi­ziň ýur­du­myz­da döw­le­te da­hyl­ly we da­hyl­syz eda­ra­la­ryň ys­ny­şyk­ly iş­le­ri alyp bar­mak bi­len, bir mak­sa­da gul­luk ed­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Mas­la­ha­ta mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne go­şant goş­ýan halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry­nyň hünärmenleri gat­naş­dy­lar.

Forumda oňa gat­na­şy­jy­lar ulag hyz­mat­la­ry­nyň dün­ýä ba­za­ry­nyň ýag­da­ýy, ýük akym­la­ry­nyň ugur­la­ry we ösü­şi, ula­gyň äh­li gör­nü­şi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni hem-de bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri, Ýew­ra­zi­ýa­da hal­ka­ra gat­naw­la­ra go­şu­lyş­mak we ola­ryň ugur­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak şert­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň üs­ta­şyr kuw­wa­ty­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da aw­to­mo­bil hem-de ho­wa ula­glary­nyň eýe­le­ýän or­ny, tö­wek­gel­çi­lik­le­ri gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak, lo­gis­tik çyk­da­jy­la­ry ha­sa­ba al­mak bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Şeý­le hem ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­myn­da, has ta­ky­gy, de­mir ýol, aw­to­mo­bil, de­ňiz, ho­wa ulag­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li mil­li mak­sat­na­ma­la­ry we he­re­ket ed­ýän ulag ge­çel­ge­le­ri­ni gi­ňelt­mek, se­bit we dün­ýä söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­nyň çuň­laş­dy­ryl­ma­gy­na kuw­wat­ly iter­gi ber­jek tä­ze ge­çel­ge­le­ri dö­ret­mek ba­bat­da me­ýil­na­ma­la­ry na­za­ra al­mak bi­len, däp bo­lan hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­giň gel­je­gi ba­ra­da pi­kir alyş­ma­lar bol­dy.

Beýleki habarlar