"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

“Belli Asman” aragatnaşyk we işewürlik üçin amatly goşundysyny tanyşdyrdy

“Belli Asman” kompaniýasy Aşgabatda geçirilýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2024” atly XVII halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde anna güni “Alaja” atly köpugurly programma goşundysyny tanyşdyrdy. Bir ýyla golaý wagtda işlenilip taýýarlanylan täze önüm jemgyýetçilik torunyň, söwda meýdançanyň we işewürlik gurallaryň mümkinçiliklerini utgaşdyrýan Türkmenistandaky ilkinji sanly platformany emele getirmäge gönükdirilendir.

“CDEK” Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda giň gerimli ýük daşamalara girişdi

“CDEK” halkara logistika operatory Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýdy. Bu barada “CDEK-Inter” kompaniýasynyň direktory Ildar Timerhanow Aşgabatda penşenbe güni açylan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2024” atly XVII halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde mälim etdi. Bu barada “TASS” habarlar agentligi habar berýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, ilkibaşda diňe Türkmenistandan Russiýa ibermeler amala aşyrylan bolsa, şu ýylyň oktýabryndan başlap, ol ikitaraplaýyn häsiýete eýe boldy.

Türkmenistanda ýaş robototehnikaçy saýlanar

Bäsleşigiň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi çykyş edýär. Bäsleşigiň maksady ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň innowasiýalara we hasaplaýyş tehnologiýalara bolan gyzyklanmalaryny çuňlaşdyrmakdan ybarat. Bäsleşik iki ugur boýunça geçirilýär – “akylly öý” we robototehnika.

Türkmenistan we Eýran maglumat tehnologiýasy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Eýranyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasary, “Infrastructure Communications” kompaniýasynyň Baş direktory Behzad Akbari Aşgabatda eden sapary wagtynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen gepleşikleri geçirdi. Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, duşuşykda Eýranda sanly infrastrukturany ösdürmekdäki öňegidişlikler bilen tanyşdyryldy şeýle hem özara gatnaşyklara, şol sanda Türkmenistanyň we Eýranyň çäginden ulag gatnawyny giňeltmek mümkinçiliklere seredildi.

Türkmenistan demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýamagyň çäginde täze demir ýol stansiýalaryny gurar

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu işleriň çäginde ýurduň dürli sebitlerinde täze demir ýol stansiýalaryny gurmak meýilleşdirilýär, bu maddy-enjamlaýyn binýady berkitmekde we pudagyň işgärleri üçin iş şertlerini kämilleşdirmekder möhüm ädim bolar. Döwlet Baştutany, Duşak we Bamy (Ahal welaýaty), Jebel (Balkan welaýaty) hem-de Baýramaly (Mary welaýat) demir ýol stansiýalaryny gurmak boýunça teklibi goldady. Prezident Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysyna tassyklanan maksatnamanyň çäginde işleriň ýerine ýetirilmegini guramagy tabşyrdy.

Gadymy hem müdimi haly sungaty

Haly - bu mährem enelerimiziň, gelin-gyzlaryň el hünäriniň gudraty bilen döreýän nepis sungat, özem gadymy sungat. Göreniňden özüne maýyl edýän halynyň taryhyna ser salsaň, özüň şol sungatyň eýesi bolan halkyň perzendidigiňe guwanýarsyň. Gadymdan bäri inçe sungat hökmünde tanalýan türkmen haly görnüşlerine teke, ýomut, beşir, ärsary, çowdur taýpa halylary girýär. Her taýpanyň, toplumyň haly gölleriniň özüne laýyk gelýän manysynyň bolmagy hem bu sungatyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygyna aýdyň subutnamadyr. Munuň özi ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden dörän, türkmen dünýäsiniň taryhyny, tebigatymyzyň gözelliklerini, zenan kalbynyň tämizligini özünde jemleýän halyçylyk sungatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir. Türkmen halysynyň gadymy wagtlardan bäri dokalyp gelinýändigine taryhy maglumatlar, ylmy çeşmeler, dünýäniň muzeýlerinde gabat gelýän halylar we haly önümleri, taryhçy syýahatçylaryň ýazgylary, gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan haly önümleri we beýleki maglumatlar şaýatlyk edýär. Häzirki durmuşymyzda ulanylýan halylaryň we haly önümleriniň gadymy kökleri türkmen taryhynyň gadymylygyna, onuň geçmişde beýik sungatynyň bolandygyna biziň ata-babalarymyzyň häzirki Türkmenistanyň topragynda hemişe ýaşandygyna güwä geçýär. Eneolit we bürünç eýýamlaryndan başlap türkmenleriň ata-babalarynda halyçylyk sungatynyň bolandygyny, bu sungatyň gündelik hoj

Aşgabatda “Türkmentel-2024” sergisi açyldy

Penşenbe güni Aşgabat şäherinde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlaryna we teleradioýaýradyş enjamlaryna bagyşlanan “Türkmentel-2024” atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy.  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow serginiň açylmagy mynasybetli oňa gatnaşyjylara we guramaçylara iberen gutlag hatynda telearagatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýetini belledi. “Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmek we döwrebaplaşdyrmak üçin düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem uly üns berilýär” diýip, Türkmenstanyň döwlet Baştutany belleýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

“Ozon” Türkmenistanda satuwlary ýola goýmak boýunça gepleşikleri geçirýär

Russiýanyň “Ozon” elektron söwda platformasy Türkmenistanda satuwlaryny ýola goýmak boýunça türkmen hyzmatdaşlary bilen gepleşikleri işjeň alyp barýar. Bu barada kompaniýanyň metbugat-sekretary Kristina Topalowa Aşgabatda geçirilýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2024” atly XVII halkara sergisinde hem-de ylmy maslahatynda mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.  K.Topalowanyň sözlerine görä, kompaniýa ýakyn wagtda täze bazarda öz hyzmatlaryny hödürlemäge başlamaga umyt bildirýär. “Ozon” GDA giňişliginde iň iri internet magazinleriň biri bolup, dürli ulgamlara degişli 370 milliondan gowrak harytlary hödürleýär” diýip, kompaniýanyň metbugat-sekretary aýtdy. 

Türkmenistan «Orta Wolga – Hazar deňzi» atly halkara söwda-logistika forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Orta Wolga – Hazar deňzi» atly halkara söwda-logistika forumyna gatnaşarlar. Bu çäre «Russiýada işewür ýagdaýy» atly işewür forumyň çäginde 5-6-njy dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk şäherinde geçiriler.  Forum Ulýanowsk şäheriniň hökümeti we «Afanasiý Nikitin» assosiasiýasy tarapyndan guralýar. Foruma gatnaşýanlaryň arasynda öňdebaryjy logistika we ulag kompaniýalary, şol sanda deňiz, demir ýol, derýa ýol gatnawyny hem-de günorta ýurtlaryna howa gatnawyny üpjün edýän; gämi eýeleriniň, port we demir ýol terminallaryny dolandyryjylaryň, şeýle hem serhetara maliýe logistikasy bilen meşgullanýan kompaniýalaryň wekilleri bar. Forum Russiýa bilen Hazar sebiti ýurtlarynyň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Şygryýet äleminiň sönmez çyragy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagynda çuňňur many-mazmun bar. Çünki, 2024-nji ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram ediljekdigi il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize galdyryp giden şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, onuň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär.

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri! Gadyrly myhmanlar! Sizi ata Watanymyzda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary durmuşa ornaşdyrmakda, aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

«Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergi hem-de ylmy maslahaty öz işine başlady

Şu gün Aşgabatda maglumat tehnologiýasy pudagyndaky iň uly halkara çäreleriň biri – XVII halkara sergi we «Türkmentel-2024» atly ylmy maslahaty öz işine başlady. Bu çäre dünýäniň öňdebaryjy hünärmenlerini, programma üpjünçiligini döredijileri we telekommunikasiýa enjamlaryny öndürijileri bir ýere jemlemek we tejribe alyşmak üçin möhüm platforma bolar. Çärede aşakdaky ugurlara we bölümlere aýratyn üns berler:

Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak — döwlet syýasatynyň baş maksady

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasaty öz aýdyň beýanyny tapdy. 4-nji noýabrda döwlet Baştutanymyzyň geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň guramaçylykly geçirilmegini, oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini, kabul ediş nokatlarynyň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň bökdençsiz işiniň üpjün edilmegini, ýerine ýetirilen işler üçin önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny doly ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Türkmenistan Ulýanowskide geçiriljek halkara söwda-logistika maslahatyna gatnaşar

Türkmenistan “Russiýada işewürlik gurşawy” işewürlik forumynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 5-nji dekabarynda Ulýanowsk şäherinde geçiriljek “Orta Wolga – Hazar” atly halkara söwda-logistika maslahatyna gatnaşar. Ol Ulýanowsk oblastynyň häkimiýeti we “Afanasiý Nikitin” birleşigi tarapyndan guralýar.  Bu çäre Russiýanyň we Hazarýaka sebitiniň ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň we Yragyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Orta Wolga derýa portlaryndan Pars aýlagyna ýükleriň göni daşalmagyny üpjün edýän Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň taslamasy maslahatyň esasy meseleleriniň biri bolar. Bu çäre söwda gatnaşyklary logistik desgalaryň işini berkitmekde möhüm ädimdir. 

Garagum sährasy – täsinligiň hem-de gözelligiň mekany

Mukaddes türkmen topragy täsin tebigy gözellikleri bilen dünýäniň alymlarynyň hem jahankeşdeleriniň ünsüni hemişe özüne çekýär. Ol ilkinji nobatda täsin tebigatly ajaýyp Garagum sährasy, onuň özboluşly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garagum sährasy türkmen kalbynyň aýrylmaz bir bölegidir. Bu sährada asyl durkunda saklanyp galan tebigatyň gadymy hem-de üýtgewsiz keşbi halk ýaşaýşynyň tebigy etnografiýasyny öwrenmekde we oňa akyl ýetirmekde juda möhümdir. Ýurdumyzyň umumy meýdanynyň üçden bir bölegine golaýyny, ýagny 350 müň inedördül metr töweregini tutýan Garagum sähramyz özüniň tebigy aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ol günortada Köpetdagyň dag etekleriniň, Garabiliň we Bathyzyň, demirgazykda Horezm golunyň, gündogarda Amyderýa jülgesiniň we günbatarda Gündogar Uzboýuň hanasynyň arasynda ýerleşýär. Garagum sährasynda ýaşan ata-babalarymyz hemişe tebigata paýhasly garamak bilen, ondan öz ýaşaýyş-durmuşy üçin iň bir zerur zatlary almagy başarypdyrlar. Ylaýta-da, olar özleriniň saglygyny hut Garagumuň tebigaty, ösümlik dünýäsiniň üsti bilen aýawly gorap saklapdyrlar. Mysal üçin, dana pederlerimiz tikenli göýüli, keýigoty ýaly içki beden agzalaryny, daşky bedeni kesellerden gorap saklamakda iň bir ýörgünli ulanylýan ösümlikleri melhem ot hökmünde peýdalanypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda: “Garagum sä

Türkmenistan-Gyrgyzystan: Hazaryň üstünden Ýewropa çykjak täze geçelgäni döretmek maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan Hazar deňzi arkaly Merkezi Aziýany Ýewropa bazarlary bilen baglanyşdyrýan täze ulag geçelegesini döretmegi ara alyp maslahatlaşdylar.  Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu meselä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, suw serişdeleri, oba hojalyk we gaýtadan işleýän senagat ministri Bakyt Torobaýew bilen çarşenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren duşuşygynda garaldy. 

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş” forumyna çagyryldy

11-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň müdiri, ilçi Atageldy Haljanow Tährandaky ECO-nyň sekretariatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Han bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen has ýakyn aragatnaşyk saklamak islegini beýan edip, Haljanow Baş sekretary 26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş” atly maslahatyna we sergisine çagyrdy.

Daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşini kämilleşdirmek, milli we dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullary esasynda okuw-tejribelik işleriniň depginini ýokarlandyrmak, bilime, ylma we ýokary hünär derejesine höwesli ýaşlary goldamak bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn özgertmeler alnyp barylýar. Bu özgertmeler milli we halkara gurşawynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar hem-de dünýä döwletleridir halklary bilen döwletara gatnaşyklardaky ýörelgelere, umumadamzat we milli gymmatlyklara hormat goýmak, ylma, bilime möhüm ähmiýet bermek bilen ony sazlaşykly alyp barmaga täze badalga berýär. Häzirki wagtda halkara jemgyýetçiligi bilen syýasy, ykdysady, medeni-ruhy we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde dil bilimini ösdürmegiň örän uly ähmiýeti bardyr. Şol bir wagtda hem, daşary ýurt dillerini kämil bilýän, ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek esasy ugur bolup durýar. Dil dünýä medeniýetine, beýleki halklaryň ylym, bilim dünýäsine aralaşmagyň iň möhüm serişdesidir. Şol sebäpli hem hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ýaş nesle diňe bir ene dilini kämil derejede däl-de, eýsem, daşary ýurt dilleriniň hem birnäçesini öwretmek wezipesi goýuldy. Ýurdumyzda kabul edilen “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda sanly

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Türkmenistanda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy badalga aldy

11-nji noýabrda paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Ýaryşa Ýewropanyň we Aziýanyň 12 ýurdundan türgenler gatnaşýar. Bu waka Aşgabadyň halkara sport merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň Halkara we Aziýa Tennis federasiýalary tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.