"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Pariž awtoulag sergisi 90-njy gezek gapylaryny açdy

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde 90-njy gezek halkara awtoulag sergisi geçirilýär. Oňa ýerli we daşary ýurt awtomobil senagatynda öndürilen ulaglar görkezilýär. Bu halkara sergä Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem gatnaşdy. Ýewropa markalarynyň köpüsiniň gatnaşýan sergisinde hytaý markalary hem uly orun eýeleýär.

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň innowasion usullary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamy döwrebap kämilleşdirilýär. Bilim edaralarynda okatmagyň innowasion usullary ýola goýulýar. Bu usullary netijeli peýdalanmak bilen ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi gazanylýar. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek işi ýokary derejede alnyp barylýar. Häzirki wagtda ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlary giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biridir. Şunda daşary ýurt dilini bilmek we ony ulanmagy başarmak babatda ýaşlara giňişleýin düşünje berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlar daşary ýurt dillerini has-da oňat özleşdirýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli özgertmeler döwrebap häsiýetlidigi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda ýokary hilli bilim bilen bir hatarda ýaş nesliň döwrebap terbiýesi hem derwaýys hasaplanýar. Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleriň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. “Dil bilen dünýäni gezer” diýen parasatly pikire uýan dana pederlerimiz diňe bir öz ene dilimizi däl, eýsem, beýleki dilleri öwrenmegiň hem möhümdigini nesillere öwüt edipdirler, çünki beýleki halklar bilen syýasy, ykdysady, medeni

“Türkmenpoçta” «Ekspress ýollamalar» hyzmatyny işe girizdi

“Türkmenpoçta” döwlet poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň çägine ýollamalary tiz eltip bermek maksady bilen, täze «Ekpress ýollamalar» hyzmatyny işe girizendigini yglan etdi. Bu hyzmat indi ýurduň ähli howa menzillerinde elýeterlidir.  “Türkmenpoçtanyň” metbugat gullugynyň habar bermegine görä, täze hyzmat 10 kilograma çenli agramdaky ýollamalary ibermäge mümkinçilik berýär. Eltip bermekligiň bahasy birinji kilogram üçin 20 manat bolup, onuň içine harytlaryň gaplanylyşy hem girýär. Birden artyk her bir goşmaça kilogram üçin 5 manat tölenmelidir. 

Hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary – ählitaraplaýyn ösüşlere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýurdumyzyň öňe sürýän netijeli başlangyçlarynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge, dialogy ösdürmäge, ählumumy derejede parahatçylykly durmuşy döretmäge möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda “Merkezi Aziýa ‒ Koreýa Respublikasy” parlament forumyny döretmek barada başlangyç öňe sürüldi. Bu başlangyç Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda şu günki duşuşygymyzyň maksady, döwletlerimiziň arasynda parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de dürli ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga we bu ugurlarda tejribe alyşmaga, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlamentleriniň başlyklarynyň şu günki ikinji duşuşygynyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga gönükdirilendir.parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegine ýardam berdi. Şu başlangyjyň dowamy hökmünde şu ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa döw

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

14-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, hususan-da, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 8 aýda $805,4 milliondan geçdi

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygynyň möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 805,4 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi. Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 727,1 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 78,3 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistan we Mongoliýa halkara awtomobil we howa gatnawlaryny gowulandyrmak barada Ylalaşyklara gol çekdiler

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Gol çekilen ylalalşyklaryň arasynda esasy resminamalar ulag pudagyndaky ylalaşyklar boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyk, şeýle hem iki ýurduň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk baglaşyldy.

TULM Dubaý - Moskwa ugry boýunça ekspress konteýner otlusyny ibermekligi amala aşyrdy

Halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesindäki ornuny berkitmek bilen, «Türkmenistanyň Ulag we Logistika Merkezi» (TULM) açyk paýdarlar jemgyýeti 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Dubaý-Moskwa ugry boýunça ekspress konteýner otlusyny ibermekligi amala aşyrdy we konteýnerleri üçünji ýurduň otlularyndan GDA-nyň otlularyna gaýtadan ýüklemek işi Etrek ýükleýiş we düşüriş stansiýasynda üstünlikli geçirildi. Şondan soň konteýnerli otly düzümi Russiýa Federasiýasyna tarap ýoluny dowam etdirdi.

Hytaý Merkezi Aziýa awtoulaglar üçin ýük otlusyny işe goýberýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom etraby Gazagystanyň Almaty şäherine ýük otlusynyň gatnawyny ýola goýýar. Umumy bahasy 27 mln ýuana deň bolan ulag serişdeleri ýüklenen ilkinji ýük otlusy golaýda etrabyň paýtagty Urumçi şäherinden Gazagystana ýola düşdi. Bu barada «Daryo.uz» ýazýar. Ýük otlusynyň ugradylmagy Sinszýandan Merkezi Aziýa ilkinji ulag otlusynyň işe girizilmegini aňladýar, bu öz gezeginde Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ýol açýar.

FESCO Pars aýlagynyň portlaryna konteýner hyzmatyny ýola goýup başlar

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda FESCO ulag kompaniýalar topary Noworossiýsk, Hindistan we BAE FESCO Indian Line West portlarynyň arasyndaky yzygiderli ugruň esasynda Pars aýlagynyň ýurtlaryna deňiz konteýner hyzmatyny ýola goýup  başlar. Bu barada «FESCO Integrirlenen Ulag» kompaniýasynyň täjirçilik direktory Alekseý Krawçenko «#Законтейнерами» atly maslahatynynyň barşynda gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, 2023-nji ýylyň tomsunda FESCO Noworossiýsk bilen Hindistanyň portlarynyň arasynda deňiz ugruny açdy, bu hyzmatlara soňra «fider eginleri” (uly bolmadyk möçberdäki gämiler) arkaly Pakistana, Şri-Lanka, Bangladeşe we BAE-ne amala aşyrylýan hyzmatlar goşuldy.

Almaty şäheriniň golaýynda sygymlylygy 100 müň TEU bolan konteýner terminaly açylar

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginiň aýagyna çenli Almaty şäheriniň golaýynda ýerleşýän Burundaý stansiýasynda Burundaý konteýner terminalynyň (BCT) birinji tapgyry açylar. Bu barada geljekki terminalyň baş direktory Pulat Haitow «#Законтейнерами» maslahatynyň dowamynda gürrüň berdi we has aýdyň bolar ýaly, terminalyň çäginde häzirki wagtda meýdany 50 müň inedördül metr bolan konteýner terminalynyň plitasyny örtmek işleriniň tamamlanýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, birinji tapgyrda Burundaý konteýner terminalynyň kuwwaty 100 müň TEU barabar bolar. 2026-njy ýylda tamamlanjak ikinji tapgyrda terminalyň çäginde 19 müň inedördül metrlik «A» synpa degişli bolan ammar açylar. Terminala «Kalmar» kysymly konteýner ýükleýjileri, şeýle hem çarşakly ýükleýjiler hyzmat eder.

Dil öwrenmegiň döwrebap tärleri

Ýurdumyzyň dil syýasatynda ýaş nesliň dünýä dillerini bilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ýaşlar mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy orta bilim berýän mekdeplerde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ene dilimiz bilen bir hatarda ondan gowrak daşary ýurt dilini öwrenýärler. Agzalan bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ähli şertler döredilendir. Okuw otaglary dilleri öwrenmek üçin häzirki zaman bilim tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan. Mekdeplerimiz hem öz gezeginde daşary ýurt dilleri boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen üpjün edilen. Ýurdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bolsa bu babatda ýurdumyzyň bilim edaralary hem-de işgärleri üçin esasy ýörelge bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň öňünde goýulýan ilkinji wezipe onuň sapakda guramaçy hökmünde çykyş etmegidir. Beýle diýildigi, mysal üçin, rus dili dersi boýunça ilkinji düşünjeleri okuwçylara öwretmek we olaryň ünsüni çekmek, sapakda ýadamazlygyny gazanmak möhümdir. Esasan hem, mugallym başlangyç synplarda rus dili sapaklaryny guramakda görkezme esbaplaryndan, oýunlardan ýerlikli peýdalanmak üçin irginsiz gözlegde bolmalydyr. Çünki mugallym okuwçynyň ýerine ýetirmeli wezipelerini, has takygy, olaryň täze tema bile

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi

12-nji oktýabrda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, Mongoliýanyň Prezidenti Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşdy, şeýle hem beýleki daşary ýurtly belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşdy. Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 23-nji aprelinde ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, Mongoliýanyň Prezidentiniň şol geçen döwürden bäri Türkmenistana ilkinji saparyna döwletara dialogyň taryhynda hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygy hökmünde baha berilýär. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär.

Aşgabatda birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda “Mizan” işewürlik merkezinde birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Çära ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy. Söwda-ykdysady, önümçilik, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegini ara alyp maslahatlaşyldy. Umumy mejlis bilen başlanan bu çäre, iki ýurduň eksport-import we maýa goýum mümkinçilikleri hem-de ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlyga bagyşlanan iki bölümde dowam etdi.

Awstriýa Respublikasynyň «M.&D. Gerther Ges.m.b.H» kompaniýasynyň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda saparda boldular

Geçen hepde Awstriýa Respublikasynyň «M.&D. Gerther Ges.m.b.H» kompaniýasynyň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda saparda boldular. Saparyň dowamynda wekiliýet Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasy, mümkinçileri, ornaşdyrylan enjamlary we hyzmatlary bilen ýerinde tanyş boldular. Şeýle-de, saparyň çäklerinde portuň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda kompaniýanyň Baş direktory Aleksandr Masinger Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçlikleri bilen ýerinde tanyş bolandygyny we häzirkizman ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu halkara portuň özünde täsir galdyrandygyny aýratyn belläp geçdi.. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň alyp barýan iş ugurlary, ýerine ýetirýän hyzmatlary barada tanyş edip, portda ornaşdyrylan enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny üpjün etmekde hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirdi.

Türkmenistan-Mongoliýa: howa gatnawlary hakynda ylalaşyga gol çekildi

12-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhiň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalar:

Demir ýolda hyzmatyň hili kämilleşýär

Ýolagçylara hödürlenýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti täze hyzmaty – ýagny «Bir gezeklik ýapynjalary» hödürleýär. Bu ädim, ýolagçylaryň has arassa we rahat syýahat ediş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. «Bir gezeklik ýapynjalar» ýolagçylara tämiz düşekleri elýeterli etmek arkaly mikroplar bilen galtaşma ähtimallygyny azaldýar.

«Türkmenpoçta» bütin ýurduň çägine ekspress ýollamalar hyzmatyny ýola goýdy

«Türkmenpoçta» döwlet poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň çägine ýollamalary tiz eltip bermek maksady bilen, täze «Ekpress ýollamalar» hyzmatynyň ýola goýlandygyny habar berýär. Bu hyzmat indi ýurduň ähli howa menzillerinde elýeterlidir. «Türkmenpoçtanyň» habar bermegine görä, täze hyzmat 10 kilograma çenli ýollama ibermäge mümkinçilik berýär. Hyzmatyň bahasy birinji kilogram üçin 20 manat bolup, bu bahanyň çägine harytlaryň gaplanylyşy hem girýär. Eger ýollama 1 kilogramdan agyr bolsa, galan her kilogram üçin goşmaça 5 manat tölemelidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi

Düýn paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda dostlukly ýurduň Lideri motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna tarap ugraýar. Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady.