"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Pakistan Türkmenistan bilen ýük dolanyşygyny artdyrar

Pakistan dökünlere barha artýan içerki talaplary kanagatlandyrmak maksady bilen gönüden-göni hökümetara ylalaşygynyň çäklerinde 200 müň tonna karbamidiň importy boýunça Türkmenistan bilen gepleşiklere başlady. Bu barada Pakistanyň ýokary wezipeli ýolbaşçysy “The News International” neşirine penşenbe güni beren interwýusynda tassyklady. Bu başlangyç Pakistanyň oba hojalyk pudagy üçin zerur bolan karbamidiň durnukly iberilişini üpjün etmek boýunça ýurduň giň gerimli strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky gepleşikleriň maksady bu möhüm çig malyň Türkmenistandan iberilişini durnukly üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenler taýýarlanylýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 21-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi – 2024 dowam edýär

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň dabaraly dowam edýär. Bu iri medeni forum her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. Onuň maksady halkyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga, milli medeni mirasy ösdürmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge, täze zehinleriň ýüze çykmagyna we halkyň medeni derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. 22-nji iýunda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ýaýbaňlandyryldy. Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Medeniýet ministrliginiň we oňa degişli edara-kärhanalaryň, guramalaryň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Bilim ulgamynyň kämilligi – döwrebap ösüşleriň badalgasy

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň biridir. Bu günki gün nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýär, bu babatda bilim özgertmeleri hem üstünlikli ýola goýulýar. Eziz Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdudyr. Hut şonuň üçin hem sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlar kemala gelýär. Ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, orta mekdeplerde ýaşlara bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olary gaýtadan taýýarlamagyň we hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi hem bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary bilen, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy bilim ulgamyny ösdürmekde möhüm wakalaryň biridir. Ýaş nesillere ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri, öwütündewleri esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Şundan ugur alnyp, bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde döwrüň tala

Hindistanyň günbatar kenarynda megaport gurlar

«Spalsh» tarapyndan berlen habarda hindi hökümetiniň ýurduň günbatar kenarynda, Mumbaý şäherinden 125 km uzaklykda portuň gurluşygyna başlajakdygy aýdylýar. Wadhawan port taslamasynyň bahasynyň 9,1 milliard dollar boljakdygy çaklanylýar. Gurluşygyň birinji tapgyrynyň 2029-njy ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar. Portuň gurluşygy 74 %-lik paýa eýe boljak Jawaharlal Neru Port dolandyryşynyň (Nawa-Şewa portunyň resmi ady) we Maharaştra Deňiz geňeşiniň (Hindistanda bir ştat) bilelikdäki kärhanasy tarapyndan durmuşa geçiriler.

Hytaýdan konteýnerlerde ýük daşamagyň wagty we nyrhlary 1,5-2 esse ýokarlandy

Mart-aprel aýlarynda Hytaýdan importyň azalmagy bilen, maý aýynda konteýner ýetmezçiligi meselesini has-da kynlaşdyrýan goşmaça ýük islegi ýüze çykdy. Iýun aýynda gämide boş konteýner we boş ýer üçin garaşmagyň ortaça möhleti iki hepdä çenli artdy we saýlanan ulag ugruna baglylykda ýük daşamagyň wagty 36 – 50% ýokarlandy. «Piter.tv» tarapyndan habar berlişi ýaly, şu aýyň başyndan Hytaýdan deňiz + demir ýoly arkaly harytlary ibermegiň ortaça wagty maý bilen deňeşdirilende 55–60 güne, göni demirýol gatnawy bolsa 30 gün çenli artdy (iki esse).

Hytaý kompaniýasy Özbegistanda awtoulaglary gurnaýan zawodyny işe girizmek isleýär

Hytaýyň «China Xiaou Group» kompaniýasy Özbegistanyň Fergana sebitinde awtoulag gurnama zawodyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada sebit häkimiýetiniň (administrasiýa) metbugat gullugyna esaslanýan «Trend» habar berýär. Maglumatlarda häkimiýetiň wekilleriniň sapary wagtynda 1,5 milliard dollarlyk kärhanany döretmek baradaky şertnama gol çekilendigi aýdylýar.

Maşgala gymmatlyklary milli öwüşginlerden gözbaş alýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly tagallalary netijesinde jemgyýetiň möhüm bölegi bolan maşgalanyň ruhy we maddy binýadyny berkitmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman obalar, şäherler, döwrebap ýaşaýyş toplumlary gurlup, ýaş maşgalalara uzak möhletli ýeňillikli karzlar bilen ýaşaýyş jaýyny edinmäge döredilýän giň mümkinçilikler maşgalanyň maddy binýadyny berkidýär. Bu bolsa, öz gezeginde, maşgala gymmatlyklaryndaky milli ýörelgelerimizi goramak bilen birlikde, ony döwrebap milli öwüşginler bilen baýlaşdyrýar. Maşgala jemgyýetiň bir düzüm bölegi bolup, ilkinji özara gatnaşyklar onda döreýär we kämilleşýär. Berk maşgalany kemala getirmek babatynda pederlerimiz bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň gönezligi, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanypdyr. Zenanlar geçmişimiziň buýsanjy, şu günümiziň guwanjy, geljegimiziň ynamy bolup, iň asylly häsiýetleri özlerinde jemläp, maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklamak bilen, paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda, wepalylykda, watansöýüjilikde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülipdir. Her bir maşgalada ata-enäni sylamak, ululara we daş-töweregindäki adamlara hormat goýmak kiçiliginden çagalaryň gu

Dünýäniň täsin daglary

Fudziama dagy 3766 metr belentligi bilen Ýaponiýanyň iň beýik dagy hasaplanylýar. Şol bir wagtda hereket edýän ýanardag bolmagyna garamazdan, soňky gezek 1707-nji ýylda wulkan atylandygy hasaba alnandyr. ***

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi badalga alýar

Berkarar döwletimizde yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu çäre beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Arkadag şäheriniň döredilmeginiň birinji ýyllygyna bagyşlanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan, döwlet ähmiýetli şäher diýlen özboluşly derejä eýe bolan Arkadag şäheriniň taryhy 2023-nji ýylyň 29-njy iýunyndan başlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «Siziň işiňiz hormatly we jogapkärli işdir. Şol işiň netijeleri dünýäniň tehnologik ösüşine, bütin adamzadyň durmuşynyň gowulanmagyna saldamly goşant goşýar» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. «Siz ömrüňizi kosmosy öwrenmäge, älem-jahana akyl ýetirmäge we ylmy ösdürmäge bagyşladyňyz. Biz Türkmenistanda siziň uçuşyňyzy hem-de üstünlikleriňizi ruhubelentlik bilen synlaýarys. Kosmosda bolýan wagtyňyzda hem siziň Türkmenistana bolan söýgiňizi we aýratyn ünsüňizi görmek bizi begendirýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlag hatynda belledi.

"Deňiz söwda floty" ÝGPJ nebit önümlerini daşaýan gämiler üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

"Deňiz söwda floty" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Alaja” (IMO:9702663) we “Kenar” (IMO:9702675) nebit we nebit önümlerini daşaýan gämileri üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistan “Kazan Digital Week” forumynyň çäklerindäki “tegelek stol” maslahatyna gatnaşar

Türkmenistanyň häkimlikleriniň wekilleri 2024-nji ýylyň 9 – 11-nji sentýabrynda Kazan şäherinde “Kazan Digital Week” forumynyň çäklerinde geçiriljek häkimleriň halkara “tegelek stol” maslahatyna gatnaşar. Bu barada TASS agentligi çarşenbe güni habar berdi. Şeýle hem bu çärä Russiýanyň, Hytaýyň, BAE-niň, Günorta Afrika Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň häkimlikleriniň wekilleri gatnaşarlar.

“Demirýollary” AGPJ bäsleşik yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti demirýollaryň ýokarky gurluşy üçin materiallary satyn almak boýunça №DÝ/AGPJ-043 belgili açyk görnüşli halkara tender yglan edýär: Bäsleşige gatnaşmak üçin:

Russiýa ýurduň birnäçe şäherlerinden Türkmenistana howa gatnawlaryny açmagy teklip etdi

Russiýa Federasiýasy ýurduň Sankt-Peterburg, Ýekaterinburg, Astrahan we Nowosibirsk şäherlerinden Türkmenistana howa gatnawlaryny ýola goýmagy teklip etdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin habar berdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, Iwan Wolynkin howa we deňiz ulaglary arkaly Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ýolagçy gatnawlarynyň sanyny artdyrmak boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Ýewraziýanyň Ykdysady Bileleşigi ýük ulaglary üçin rugsat edilýän agramlary, ýükleri we gabara ölçeglerini utgaşdyrar

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝYB) ýurtlary Ýewraziýa ulag geçelgelerine girýän ÝYB döwletleriniň ýollarynda ulag dolandyrylanda  rugsat berilýän agramlary, ýükleriň möçberini we ulaglaryň gabara ölçegleri baradaky Ylalaşygyň taslamasynyň içki nusgasyny tassyklamak işlerini tamamladylar. «Ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň ösmegine we ÝYB-nyň tranzit mümkinçiliginiň ýokarlanmagyna möhüm itergi berer» — diýip, Ýewroziýa ykdysady komissiýasynyň infrastruktura we energetike boýunça wekili Arzybek Kožoşew belleýär.

Eýran «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesi üçin zerur bolan «Reşt-Astara» demir ýolunyň birinji bölüminiň gurluşygyny tamamlady

«Tasnim» agentligi Eýranyň demir ýolunyň Reşt şäherinden «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň bir bölegi bolan Hazar portuna çenli uzaýan böleginiň 20-nji iýunda ulanylmaga berilýändigini habar berdi. Geljekde ýoluň Hazar portundan Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky Astara sebitine çenli uzaýan nobatdaky tapgyryny gurmak meýilleşdirilýär. Ýoluň uzynlygy — 37 km. Gurluşyk üçin takmynan 30 trillion rial ýa-da 630 million ýewro möçberinde karz serişdeleri çekildi. Taslamanyň umumy bahasy — 35 trillion rial ýa-da 730 milliard ýewro.

«Awtomobil ulаg hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil ulаg hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň raýatlaryny sürüji wezipesine işe alynýandygyny yglan edýär. Dalaşgärlerden edilýän esasy talaplar «B,C,D» derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň we awtoulag sürmek tejribesiniň bolmagydyr. Işe ýerleşmek isleýänler Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çägindäki Halkara awtomenziliň çäginde ýerleşýän kompaniýanyň merkezi edarasyna ýüz tutmalydyrlar, edaranyň salgysy: A.Nyýazow şaýoly, 422-nji jaý.

Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili

Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba ýerlerinde amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dok däneli bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde güýç-gaýratyny gaýgyrmandyrlar. Her bir gallaçy kärendeçi üçin bereketli hasyl bolelin ýaşamagyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygyň synagydyr. Şoňa görä, ýylyň-ýylyna ýurdumyzda halal zähmet çekmegiň göreldesini, netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezýän daýhanlaryň sany barha artýar. Häzirki wagtda Diýarymyzda bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerde hasyly ýygnap almak işi depginli alnyp barylýar. Ekerançylyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleri ekildi.