"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

2024-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmek geçen aýda geçirilen köp sanly çärelerde — syýasy geňeşmelerde, işewürlik gepleşiklerinde, maslahatlarda, sanly ulgam arkaly guralan okuw maslahatlarynda, sergilerde, medeni çärelerde ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp barýan netijeli işleriniň aýdyň görkezijileridir. 3-nji maýda Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ýaşlar syýasaty, sanlylaşdyrma, demografiýa, “ýaşyl” energetika, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar babatda 8 sany taslama seredildi. Duşuşygyň jemleri boýunça daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly ugurlara degişli birnäçe resminamalara gol çekildi.

Türkiýeden Türkmenistana awtomobil ätiýaçlyk şaýlarynyň eksporty $9,9 milliona barabar boldy

Türkiýeden Türkmenistana awtomobil ätiýaçlyk şaýlarynyň eksporty 2024-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 9,9 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkiýäniň Söwda ministrligine salgylanyp, “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi. Habara bellenilişi ýaly, diňe şu ýylyň maý aýynda Türkiýe Türkmenistana 2,6 million ABŞ dollaryna barabar bolan awtomobil senagatynyň önümlerini eksport etdi.

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi halkara bäsleşik yglan edýär

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bäsleşik toparynyň adyndan aşakda görkezilen lotlar boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär Lot №2 — daş owradyjy enjamlar toplumlaryny we göçme daş owradyjy enjamlar toplumlaryny satyn almak;

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny we tehniki häsiýetnamalaryny öwrenýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Balkan welaýatynyň ilatyna täze ýolagçy awtobuslarynyň 200-si sowgat berildi

Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary şatlykly wakanyň şaýady boldular. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, gallaçy daýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze, döwrebap awtoulaglaryň 200-sini sowgat hökmünde gowşurmagy ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, döwrebap awtoulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Balkanabat şäherindäki awtomenzilde aýdym-sazly dabara geçirildi. Täze ulaglaryň garşylanyş dabarasynda milli däp-dessurlarymyz berjaý edildi. Bu ýerde çykyş eden il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, önümçilik birleşiginiň baýry işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekilleri halkymyzyň ýaşaýyşdurmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak babatda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

Fransiýa A10 we A85 awtoulag ýollarynyň çatrygyndaky ýük awtoulaglarynyň duralgasy döwrebaplaşdyrylýar

Tur (Fransiýa) şäheriniň golaýyndaky A10 we A85 awtoulag ýollarynyň kesişýän ýerindäki ýük awtoulaglarynyň duralgasy döwrebaplaşdyrylýar we giňeldilýär. Bu barada «40ton» hem-de «comcomtvi.fr» portallarynyň maglumatlaryna salgylanýan «Логист.Today» habar berýär. Awtoulag duralgasy 2021-nji ýylda «Center Routier Isoparc» ady bilen guruldy. Dynç alyş meýdançasy dolulygyna elektrik panelleri bilen örtülip, 146 awtoulagy goýmak üçin orunlary üpjün etdi. Şeýle-de bolsa, bu maýa goýum indi «TIP Secure Truck Parking Isoparc Sorigny» diýen adyny üýtgeden «TIP Group» kompaniýasyna geçirildi.

Bilermeniň pikiri: Hytaýdan Russiýa göni demir ýol gatnawy iki esse azaldy

Maý aýyndan bäri Hytaýdan eltip bermek boýunça hyzmat üçin isleg gaýtadan döräp başlady. Munuň özi tranzit wagtynyň we ýük çykdajylarynyň amatlylygy bilen baglydyr. Bu barada «Канавара Групп» kompaniýasynyň müşderiler bilen işlemek boýunça direktorynyň orunbasary Andreý Serebrýakowyň beren maglumatyna salgylanýan «Logirus» habar berdi. — Häzirki wagtda multimodal ulag üçin tranzit wagty — takmynan 60 gün, göni demir ýol ulaglary üçin 30 gün töweregi. Hyzmatlaryň köpüsinde owerbuking bellige alynýar — diýip, hünärmen belleýär. — Deňeşdirmek üçin: aprel aýynda Hytaýdan multimodal ulag üçin 40 gije-gündiz, göni demir ýol ulagyna bolsa 15 gije-gündiz gerekdi.

Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” sergisine gatnaşar

Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” atly halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu sergi HHR-iň Urumçy şäherinde geçiriler.  Halkara sergisi, esasan, üç bölümden, şol sanda maýa goýum hyzmatdaşlygy, milli pawilýonlar hem-de pudaklara ýöriteleşdirilen bölümden ybaratdyr. Bu serginiň çäklerinde söwda we maýa goýum forumlarynyň, tejribe alyşmalaryň, dürli ykdysady we medeni çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. 

Katar Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy

Katar Döwleti Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasy habar berdi. Toparyň ilkinji ministrler duşuşygy 2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirildi.

Ylym we ýokary tehnologiýalar — durnukly ösüşiň binýady

Häzirki zaman dünýäsinde ylmyň ösüşiň binýady, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup durýandygy aýdyň hakykatdyr. Öňdebaryjy ylmy-tehniki çözgütleriň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň möhüm meseleleriň netijeli çözülmeginiň, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ylmy maglumatlar bilim ulgamynyň esasyny düzýär, çünki hut şeýle bilim okuw arkaly täze nesillere geçirilýär. Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we tehnologiýalar ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hemmetaraplaýyn özgertmeler ýolunda ynamly öňe barýar. Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ýurdumyzyň beýleki ugurdaş düzümlerinde düýpli we amaly ylmy barlaglaryň geçirilmegi, olaryň geriminiň giňeldilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şol bir wagtyň özünde, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara gatnaşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga çekmäge, zehinli alymlaryň täze neslini höweslendirmäge we goldamaga, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly üns berilýär. Türkm

Ulag-logistika aragatnaşyklary – Merkezi Aziýa sebitini gülledip ösdürmegiň möhüm ugry

Ýakynda Özbegistanyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa-Hytaý» seljeriji merkezleriniň dördünji forumy geçirildi. Seljerijileriň abraýly maslahatynyň işine gündogarşynas, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar ylmy merkeziniň bilermeni Döwletmyrat Mämmedow gatnaşdy. Türkmenistan «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy alymdan forumyň işi barada özünde galan täsirlerini paýlaşmagyny hem-de onuň pikiriçe, biziň sebitimizi ösdürmek üçin aýratyn möhüm görünýän ugurlar barada gysgaça durup geçmegini haýyş etdi.  – Ilki bilen, okyjylara sebitiň bilermenleriniň mundan ozalky forumynyň geçen ýylyň sentýabrynda Hytaýyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde geçirilendigini ýatlatmak isleýäris. Şonda ýüzden gowrak bilermenleri hem-de alymlary bir ýere jemlän maslahatyň esasy meselesi «Hytaý-Merkezi Aziýa» görnüşinde bitewi ykbalyň has ýakyn jemgyýetçiligini döretmek boýunça tagallalary birleşdirmekden ybarat boldy. Sianda medeni-siwilizasiýa dürlüliginiň şertlerinde gatnaşyjy ýurtlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga hem-de sebitara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwrebaplaşdyrmak wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

AŞTU täze “Smart Goldaw” hyzmatyny işe girizdi

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) ýörite programma üpjünçiligi hem-de aragatnaşyk torlary arkaly habar beriş howpsyzlyk we gözegçilik ulgamynyň “Smart Goldaw” hyzmatyny girizdi. AŞTU-nyň duşenbe güni habar bermegine görä, häzirki wagtda bu habar beriş howupsyzlyk we gözegçilik ulgamy dolandyryş enjamlaryny, hereketleri belleýji we magnit-kontakt gurluşlary (datçikler) öz içine alýar. Şeýle hem bu ulgama ýangyn duýduryjy, gaz analizatorlary we suw akmasyny anyklaýjy gurluşlary birikdirmäge mümkinçilikler bar.

Türkmenistan söwda, ýük daşamak işlerini ýeňilleşdirmek boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

“Türkmen Logistika” assosiasiýasynyň uly utgaşdyryjysy Sapa Gurbanberdiýew Türkmenistanyň wekili hökmünde şu ýylyň 11-12-nji iýunynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen söwda we ýük daşamak işini ýeňilleşdirmekde mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça 15-nji halkara okuw maslahatyna gatnaşdy. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, çärä gatnaşyjylar geçiş ykdysadyýetli sebit ýurtlarynda port aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmagyň öňdebaryjy tejribesine, maglumatlary we resminamalary alyşmagy standartlaşdyrmak boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanyşyna, söwda we ulag resminamalaryny sanlylaşdyrmak mümkinçiliklerine, utgaşykly daşalýan harytlara, TMTM, TRASEKA we ösüş boýunça beýleki hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda maglumat alşygyny sanlylaşdyrmagyň anyk barlagyny synagdan geçirmäge garadylar.

Günorta Koreýa Aerokosmos müdirligini döretdi we 2045-nji ýyla çenli Marsa ýetmegi maksat edinýär

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol KASA Aerokosmos müdirligini açdy, munuň özi ýurt üçin kosmos gözlegleriniň täze döwrüni alamatlandyrdy. Bu bolsa ýurduň kosmosdaky ornuny giňeltmek maksadyna we 2045-nji ýyla çenli Marsa gonmak hakyndaky meýilnamalaryna laýyk gelýär. 2045-nji ýyla çenli kosmos maksatlaryna ýetmek üçin ýurt 100 trillion won (72,6 milliard dollar) bölüp berdi.

Millilige ýugrulan mukaddes baýram

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy bolup, bu mukladdes sene adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijilik we ösüşler ýoly bilen öňe - beýik geljege sary ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýar hem-de jemgyýetçilik durmuşymyza täze öwüşgin çaýýar. Adamzadyň medeni ösüşiniň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramynyň milli däpdessurlarynyň binýady köpasyrlyk taryhy bolan halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine daýanýar. Bu baýram türkmeniň haýyr-sahawatlylyk, ýokary ruhy-ahlak, pähim-paýhas gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrýar. Türkmen halkymyz Gurban baýramynyň üç günläp dowam edýän günlerinde agzybirlik bilen, bu nurana baýramçylygyň şanyna öz dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň we goňşularynyň öýlerine myhmançylyga barýarlar, özleri hem myhmanlary kabul edýärler. Her bir öýde saçaklar giňden ýazylyp, türkmen Diýarynyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna sadakalar berilýär, ýagşydan-ýagşy doga-dilegler edilýär. Gudraty güýçli Allat

Saud Arabystany haj wagtynda uçarmansyz howa taksisini işe girizdiler

Saud Arabystany haj wagtynda zyýaratçylar üçin uçarmansyz howa taksisini işe girizendigini mälim etdi. Bu barada Patyşalygyň Baş ulag müdirligi habar berýär. Munuň özi raýat awiasiýasy edarasyndan ygtyýarnama alan dünýäde ilkinji howa taksisidir. Bu taksi zyýaratçylary, lukmançylyk enjamlaryny daşamak, zerur harytlary ýetirmek we gaýragoýulmasyz kömegi bermek işlerini ýerine ýetirýär.

Türki dünýäniň medeni mirasynyň sanly katalogy taýýarlanylýar

Türki döwletleriň guramasynyň ýanynda Türki dünýäniň umumy maddy we maddy däl medeni mirasynyň katalogy taýýarlanylýar. Bu barada “Anadolu” agentligine beren interwýusynda Türki medeni mirasy gaznasynyň ýolbaşçysy Aktoty Raimkulowa habar berdi. Katalogyň taýýarlanmagy üçin konsultatiw geňeş jogapkär bolar. Onuň düzümine Türki döwletleriň guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparlarynyň agzalary, bu guramanyň, TÜRKSOÝ-yň, Türki dilli ýurtlaryň parlament assambleýasynyň we Türki akademiýanyň wekilleri, şeýle hem her ýurtdan 2-3 bilermen girer.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky ýygnagyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 11-12-nji iýuny aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň Baş Assambleýasynyň onunjy mejlisi geçirildi. Iki günüň dowamynda gatnaşyjy döwletler bütin dünýäde janly mirasy gorap saklamak boýunça tagallalary ugrukdyrmak maksady bilen Konwensiýanyň wajyp meselelerine seretdiler. Gün tertibine Hökümetara Komitetiň we Sekretariatyň hasabatlary, 2024-2025-nji ýyllarda Maddy däl medeni mirasyň gaznasynyň ulanylyşy boýunça meýilnamalary, täze Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň akkreditasiýasy, 2023-nji ýylda Konwensiýanyň 20 ýyllygy boýunça hasabaty we Komitetiň 12 sany täze agzalarynyň saýlawlary degişli edilýär.

Aşgabatda gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 9-njy sebitara maslahaty geçirildi

11-12-nji iýunda Aşgabat şäherinde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň «Serhetde ýolagçylaryň we ýükleriň gözegçilik-derňew barlagy boýunça toparlar» başlangyjynyň çäklerinde gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 9-njy duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň işgärleri duşuşyga synçy hökmünde wekilçilik etdiler. «Serhetde ýolagçylaryň we ýükleriň gözegçilik-derňew barlagy boýunça toparlar» başlangyjy BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň we Bütindünýä Gümrük guramasynyň bilelikdäki «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» maksatnamasynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

Elektrikli awtoulaglar üçin tizlik rekordy

Ýokary öndürijilikli elektrik awtoulaglary täze tizlik rekordyny goşdy. Ýaponiýada öndürilen “Aspark Owl” sagatda 438 kilometre ýetdi. Germaniýanyň Papenburg synag merkezinde sagatda 438,74 kilometre ýeten bu awtoulag “dünýäniň iň çalt elektrik ulagy” diýen ada eýe boldy. Mark Basseng tarapyndan dolandyrylýan ulagyň iň ýokary tizligi hemra yzarlaýyş ulgamy tarapyndan tassyklandy. 2015-nji ýyldan bäri ýokary öndürijilikli elektrik awtoulaglaryny öndürýän Ýaponiýada ýerleşýän bu kompaniýa, öňki synaglarynda bu ulagyň 420 we 430 kilometre ýetendigini aýtdy.