"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gullugynyň işgärleri alnyp barylýan işler barada maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky daşary söwdanyň gümrük statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça Lebap welaýat gümrükhanasynyň edara binasynda iş duşuşygyny geçirildi. Iş duşuşygynyň dowamynda taraplar daşary söwdada gümrük statistiki maglumatlaryň emele gelşiniň usulyýeti barada maslahatlaşdylar.

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

"Awtomobil ulag hyzmaty" AGPJ Türkmenistanyň paýtagtynda işlemek üçin tejribeli awtobus sürüjilerini işe çagyrýar. Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

«Turkish Airlines»: amatly syýahat üçin goşmaça hyzmatlary bronlaň

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy müşderilerine syýahatyň has amatly we şahsylaşdyrylan bolmagy üçin döredilen uçuşdan öňki we uçuşdan soňky hyzmatlaryň doly sanawy bilen tanyşmagy teklip edýär. Has anyk maglumatlar awiakompaniýanyň resmi saýtynda elýeterlidir. Teklip edilýän uçuşdan öňki hyzmatlaryň hatarynda uçaryň salonynda orun saýlamak, goşmaça goşlary tölemek mümkinçiligi, ýörite menýu sargyt etmek we hyzmat synpyny ýokarlandyrmak teklip edilýär. Bu hyzmatlaryň ählisi uçuşdan öň bronlamak üçin elýeterlidir.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanynda iş alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň “Rönesans Holdinge” ynanylmagy bu kompaniýa üçin uly mertebedir. Şeýle desgalaryň yzygiderli ýagdaýda gurulmagy we ulanmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir. Pursatdan peýdalanyp, Erman Ylyjak Milli Liderimizi Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Şeýle-de işewür Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza mähirli salamyny ýetirdi.

Arkadag şäheriniň 1-nji mekdebinde robot tehnikasy boýunça gurnak açyldy

1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanda UNICEF Bilim ministrligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň 1-nji mekdebinde robot tehnikasy boýunça täze gurnagy açdylar. Gurnagyň maksady – amaly bilimler arkaly ylym, tehnologiýa, inženeriýa, sungat we matematika (STEAM) boýunça desrleri öwrenip, beýleki mekdepler üçin göreldeli nusga bolmakdyr. Döredilen robot tehnikasy boýunça gurnak sapaklar we amaly bilimleriň ösdürilmegi üçin ähli gerekli tehniki serişdeleri bilen üpjün edilip, şol bir wagtyň özünde 8-12 okuwçynyň bilelikde sapak geçmeklerine mümkinçilik berýär. Bilim ministrligi STEAM-biliminiň wajyplygyna dolulygyna düşünip, okuwçylaryň, ene-atalaryň we mugallymlaryň höwesine laýyklykda ýurdumyzyň mekdeplerinde robot tehnikasy boýunça gurnaklary döretmek işini işjeň amala aşyrýar.

Geçen ýedi aýda ulag ulgamy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 103,9 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,6 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,8 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 153,8 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107,3 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 113,4 göterime barabar boldy.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Sanly okuw hepdeligine gatnaşýar

2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda «Bilim üçin dolandyrylýan tehnologiýalar» atly şygar astynda Sanly okuw hepdeligi 2024-e badalga berildi. Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň bilim boýunça Baş direktorynyň orunbasary Stefaniýa Jannini çykyş etdi, şeýle hem Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň Baş sekretary Dorin Bogdan-Martiniň wideoýüzlenmesi diňlenildi.

Türkmenistanda «E-mekdep» ulgamy işe girizildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan orta mekdepleriň sanly dolandyryş ulgamy bolan «E-mekdep» ulgamy işläp başlady.Bu ulgam okuwçynyň gündeliginiň elektron görnüşini hödürleýär. Onuň üsti bilen okuwçynyň alan bahasy, okuw sapaklaryna bolan gatnaşygy, okuw sapaklarynyň rejesi, öwrenen temalary, öý işleri, mugallymyň bellikleri we berlen ýumuşlar barada onlaýn usulynda maglumat berýär. «E-mekdep» ulgamynda ata-enelere çagalarynyň okuwyna netijeli gözegçilik etmek arkaly olaryň bilimine goldaw bermek üçin örän peýdaly mümkinçilikler bar. Mysal üçin, okuwçynyň okuwa gatnaşygy barada maglumatlar, islendik wagt, işde bolsun ýa-da öýde, hakyky wagt tertibinde, ýagny onlaýn usulynda dessine SMS ýa-da sanly duýduryş görnüşinde «E-mekdep» mobil goşundy arkaly habarly bolup bilerler.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumy hem munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, bu toplumyň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda — Watan goragçylarynyň gününde geçirilipdi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynyň açylyş dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk hem kämilleşdirmek ugrundaky taýsyz tagallalary Aziýanyň merjeni diýlip ykrar edilen şäherimiziň okgunly ösüşinde öz beýanyny tapýar. Hemmetaraplaýyn ösen şäheriň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän paýtagtymyzyň durmuş infrastrukturasy yzygiderli ösdürilýär, binagärlik toplumlarynyň üsti täze binalar we desgalar bilen ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli ýokary watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek, olaryň häzirki zaman bilimlerini ele almaklary – parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Kanunlar hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly başga-da birnäçe kanunlar kabul edildi. Dürli ulgamlarda gatnaşyklary kadalaşdyrýan birnäçe kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mejlisiň kararlarynyň 15-si kabul edildi.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri Hatlon welaýatyndaky täze mekdebiň açylyşyna gatnaşdylar

Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň şanyna täze bilim edaralarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi. 1-nji sentýabrda — 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem ýurdumyzda we dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen badalga aldy. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berilýän desgalaryň hatarynda aýratyn orun eýeledi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar. Dostlukly goňşy ýurtdaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gazanylan ylalaşyk esasynda kabul edilen bu çözgüt taraplaryň köpasyrlyk ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we ruhy-ahlak gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan iki halkyň arasynda dostluk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etmäge gyzyklanmalarynyň güwäsidir.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Taýlandyň port gözegçiliginiň zenan hünärmenleri tejribe alyşdylar

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň gümrük gulluklarynyň zenan hünärmenleri Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Zenan torlarynyň Ählumumy Maksatnamasynyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň “Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça” Ählumumy Maksatnamasynyň çäklerinde gurnalan Taýlanda sapary amala aşyrdylar. Çäre konteýner daşamalarynda we töwekgelçilikleriň görnüşlerini kesgitlemekde Bangkokda we Laýem Çabangda hereket edýän Port gözegçilik toparlarynyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek maskady bilen Maksatnama gatnaşýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük gulluklarynyň Port gözegçilik toparlarynyň zenan düzümlerine gönükdirildi. 20-22-nji awgust aralygynda amala aşyrylan saparyň dowamynda iş gatnaşyklarynyň hem-de sebitara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Maksatnamanyň Zenan torlary meýdançasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy boýunça geňeşmeler geçirildi. 

TULM deslapky maglumat-üstaşyr deklarasiýalary resmileşdirmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýändigini habar berýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Dowlet gümrük gullugynyň «Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz oňünde tutulýan harytlar barada deslapky maglumatyň düzümi, ony bermegiň we ulanmagyň tertibine» laýyklykda, Türkmenistanyň çägine awtomobil, demir ýol ulaglary arkaly getirilmegi (şol sanda üstäşyr geçirilmegi) göz öňünde tutulýan harytlaryň gümrük resmileşdirilmeleri bilen bagly amallary kämilleşdirmek, ýönekeýleşdirmek hem-de tizleşdirmek maksady bilen şertnamalary baglanşyp, deslapky maglumat-üstaşyr deklarasiýalary (DM) resmileşdirmek boýunça hyzmatlary tölegli esasda (nagt, nagt däl) ýerine ýetirýändigini habar berýär. Hyzmatlardan peýdalanmaga isleg bildiren halatyňyzda, ýokarda agzalan ulag serişdelerinde getirilmegi göz öňünde tutulýan harytlaryň ýurdumyzyň çägine gelmezinden mümkin boldugyça uzak wagt öňünden ýa-da azyndan 12 (on iki) sagat galanda aşakda görkezilen maglumatlaryňyzy elektron poçta arkaly (dm@tulm.tm) ugradyp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, Belarus Respublikasynyň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Halkara forumlar — hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm goşant

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu strategiýany üstünlikli amala aşyrmakda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ähmiýetli çärelere, hususan-da, forumlardyr sergilere möhüm orun degişlidir. Şeýle çäreler gyzyklanma bildirýän taraplar bilen dürli ugurlarda bar bolan hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak, özara bähbitli işewürlik tekliplerini öwrenmek üçin amatly şertleri döredýär. Şu ýylyň 17 — 19-njy martynda paýtagtymyzda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny hem-de mümkinçiliklerini açyp görkezýän giň gerimli sergi we maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan bu çäreler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Söwda toplumynyň,

Aşgabat halkara howa menzili buzlama garşy suwuklygy satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menzili uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Klifrost DE Plus Type-I we Klifrost ABC-S Type-IV kysymly ýörite buzlama garşy suwuklygy satyn almak boýunça ABŞ dollarynda bäsleşik yglan edýär Bäsleşige gatnaşmak üçin 285 ABŞ dollar töläp (goşulan baha üçin salgydy we bank harajatlaryny hasaba almazdan) bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny alyň.

Türkmenistan we Gyrgyzystan Hytaýdan Hazara çenli ulag geçelegesi baradaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Bişkekde Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nury Golliýew bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýewiň arasynda 27-nji awgustda bolup geçen duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň we sebit hyzmatdaşlygynyň esasy başlangyçlary we taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministr halkara ýük daşalyşy boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň wajyplylygy barada aýratyn nygtap geçmek bilen, sebitiň üstaşyr we ulag-logistika potensialyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik açýan Hytaý Halk Respiblikasyndan Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň üsti bilen soňra Türkmenistandan Hazar deňzine çenli ulag geçelgesiniň möhüm bolup durýandygyny belledi.