"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de täze sepgitlere ýetirilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy

17-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleriniň daşary ýurt kompaniýalary üçin netijeli işlemäge amatly şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

2024-nji ýylda Türkmenistandan Azerbaýjana syýahatçylaryň sany artdy

2024-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistandan Azerbaýjana 2753 syýahatçy bardy, bu bolsa 2023-nji ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 11% artdy. Bu ösüş Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Azerbaýjana syýahatçylyk akymynyň bitewi oňyn tendensiýasynyň bir bölegi bolup durýar. Bu barada Azerbaýjanyň Syýahatçylyk boýunça Döwlet agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp Trend habar berýär. Umumylykda, 2024-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň dowamynda Azerbaýjan Türkmenistandan 29 982 syýahatçyny kabul etdi, bu bolsa geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 28 % artdy. Bu ösüş iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de türkmen raýatlarynyň arasynda Azerbaýjana bolan gyzyklanmanyň artmagyna ýardam edýär.

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) öýlere berilýän ýokary tizlikli internet hyzmatyny hödürleýär. Bu barada Aşgabat şäher telefon ulgamy habar berýär. Öý üçin internet hyzmaty has ýokary tizlikler we has amatly bahalar bilen hemmelere elýeterli! 2 mbit/s internet bilen ulgamda gal, 4 mbit/s internet bilen wideo mazmunlaryň lezzetini gör, 6 mbit/s internet bilen bolsa tizligi tejribe edin.

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Hormatly watandaşlar! Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Akylly ýylan we aldarköse» atly täze sahnalaşdyrlan sirk çykyşyny size hödürleýär.

Paýtagtymyzda frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça okuw maslahaty geçirildi

2–7 dekabr aralygynda paýtagtymyzda ýerleşýän "Ynamly Kepil" koworking merkezinde frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) tarapyndan gurnaldy. Treninga grafiki dizaýn, programma üpjünçilik, terjimeçilik, sözleýşiň bozulmalaryny düzetmek, sosial medialarda mahabatlandyrmak we beýleki häzirki zaman ugurlarynda tejribesi bolan ýaş hünärmenleriň 24-si gatnaşdy.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň geografiýasyny giňeldýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Deli we Aşgabat – Jidda ugurlary boýunça uçuşlarynyň sanyny köpeldýär. Degişli maglumatlar awiakompaniýanyň resmi saýtyndaky täzelenen halkara uçar gatnawlarynyň tertibinde çap edildi. Aşgabat – Deli – Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçuşlar 22-nji dekabr, 29-njy dekabr, 4-nji ýanwar, 11-nji ýanwar we 18-nji ýanwar günlerine meýilleşdirilýär. Aşgabat – Jidda – Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçuşlar bolsa 24-nji dekabr, 4-nji fewral we 11-nji fewral günleri amala aşyrlar.

«Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmaty: Täze ýyl sowgatlaryny ugratmak üçin oňaýly hyzmat

Täze ýylyň bosagasynda «Türkmenpoçta» ýurduň islendik künjegine baýramçylyk sowgatlaryny ugratmagyň ygtybarly we oňaýly usulyny hödürleýär. Kompaniýanyň çaparçylyk hyzmaty Türkmenistanyň dürli sebitlerine ýollamalary tiz we ýokary hilli eltip bermegi üpjün edýär. Kompaniýanyň çaparlary baýramçylyk döwründe aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan her bir sowgatlyk ýollamasyny alyjynyň gönümel öz eline gowşurmagy kepillendirýärler. Müşderiler sargyt etmegiň birnäçe amatly usullaryndan peýdalanyp bilerler:

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony we “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi. Işewürler wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Türkmenistanda Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwaly geçirildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwaly geçirildi. Çäre Türkmenistanyñ Bilim ministrligi tarapyndan guraldy. Festiwal bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar babatda ýurduñ gazananlaryny açyp görkezmäge, mugallymlaryñ we hünärmenleriñ maglumat tehnologiýa we kiber howpsuzlyk ulgamynda ylmy we taslama işine gyzyklanmalaryny artdyrmaga, şeýle hem tejribe alyşmaga gönükdirildi.

Özbegistan Türkmenistanyň çägi arkaly Braziliýa konteýner otlusyny iberdi

Özbegistandan Brzailiýa tarap konteýner otlusy iberildi. Ol Türkmenistanyň hem çäginden geçer. Bu barada «Daryo.uz» habar berdi. Çeşmäniň bellemegine görä, Daşkentden ugran konteýner otlusy 20 günde Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň üsti bilen Gruziýanyň Poti deňiz portuna barar. Ol ýerden bolsa konteýnerler deňiz ýoly arkaly 35-45 günde Braziliýanyň Paranagua portuna eltiler. Konteýner otlusynyň umumylykda 60-70 günde ahyrky menzile barmagyna garaşylýar.

Türkmenistan — ABŞ: Işewürlik gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär

Düýn paýtagtymyzda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürleri ýurdumyza geldi. Işewürlik maslahatynda türkmen tarapynyň wekilleri şu gezekki sapara ýurdumyzda ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändikleriniň nyşany hökmünde garalýandygyny bellediler.

Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisiniň we Türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu giň möçberli çäreleriň Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine uly itergi berjekdigine berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasy şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň owazynyň astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy. Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy. Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasy her ýyl “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilýär. Bu ýerde asylly däbe görä, giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Sekizburçly ýyldyz we “2025” ýazgy bilen bezelen, köp sanly kümüşsöw garjagazlarda, dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

14-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gyşynyň tenekar säheriniň irki pursatlarynda täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň “Buig” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen hem duşuşdy. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha ýokarlanýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna, gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilýär.

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

16–18-nji dekabr aralygynda Aşgabatda «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergi we işewürlik maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berýär. Çeşmede bellenilişine gör, sergide oba hojalyk tehnikalary, ekinleriň täze döredilen tohumlary, dökünler, himiki serişdeler hem-de azyk önümlerini gaplamagyň tehnologiýalary tanyşdyrylar.

«Marytelekom» WEAK-da «Sanly ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» atly maslahat geçirildi

«Marytelekom» welaýat elektroaragatnaşyk kärhanasynda (WEAK) ýakynda «Sanly ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat ýurdumyzdaky innowasion tehnologiýalary ösdürmek we täze ylmy tehnologiýalar barada pikir alyşmak maksady bilen guraldy. Ylmy-amaly maslahata şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary, welaýatyň telekeçileri gatnaşdylar. Çykyş edenler energetika pudagynda emeli aňy ulanmak arkaly aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek we energiýa ulgamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak barada aýdyp geçdiler.

Türkmenistan-BMG: çarçuwaly maksatnamanyň täze tapgyry işlenip düzüler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynynyň Ýolbaşçy komitetiniň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

12-nji dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna möhüm goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”; “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”; “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary”; «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilendigini bellemek gerek. Halklaryň arasynda dostlugyň, hyzmatdaşlygyň, raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy goldamaga gönü