Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 2024-nji ýylyň esasy ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişine görä, ýerine ýetirilen çäreleriň netijesinde, degişli döwürde ýurduň jemi içerki önümi 6,3 göterim ýokarlandy. 11 göterim ösüş depgini bilen gurluşyk pudagy, 9,5 göterim bilen söwda, 7,1 göterim bilen ulag-aragatnaşyk pudagy, 8,7 göterim bilen hyzmatlar ulgamy, 5,3 göterim bilen oba hojalygy, 2,2 göterim bilen senagat pudaklaryň arasynda ösüş depgini boýunça öňdeligi eýelediler.