«Türkmenaragatnaşyk» agentligi ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz etmek çäresi geçirdi

20 Awgust 2024
87

Türkmenistanda adamlaryň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işleriniň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak we ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

«Altyn Asyr» ÝGPJ-niň mejlisler jaýynda geçirilen çärä Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi we ýurdumyzda ynsan saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly tagallalary edýändigi buýsanç bilen bellenip geçildi.

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar