Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerindäki awtomenzilleriň açylyşyna ak pata berdi

27 Sentýabr 2022
416

24-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli täze desgalaryň açylyş dabaralary baýramçylyk wakalarynyň öwüşginini has-da artdyrdy. Şanly seneleriň öňüsyrasynda möhüm ähmiýetli desgalaryň açylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artýandygyna, durmuş taýdan depginli ösüşine aýdyň şaýatlyk edýän ajaýyp däbe öwrüldi. Munuň özi eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň geriminde hem öz beýanyny tapýar.

Beýleki habarlar