Jemgyýetçilik ulagynyň döwrebaplaşdyrylmagy — ýolagçylar barada alada

22 Sentýabr 2022
331

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki parkynyň üsti täze satyn alnan «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň 150-si bilen ýetirildi.

Ýurdumyzyň awtoulag düzüminiň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy ýolagçylara hyzmat etmegiň medeniýetini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şunda taksi awtoulaglarynyň hyzmatlar ulgamynyň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ulag pudagy dünýä belli kompaniýalaryň häzirki zaman awtoulaglary bilen üpjün edilýär. Awtoulag hyzmatlarynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, dürli kysymly ýokary amatlykly awtoulag serişdelerini satyn almak barada şertnamalaryň birnäçesi baglaşyldy.

Beýleki habarlar