Türkmenistan BAE bilen bilelikdäki ulag-logistika kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýär

14 Sentýabr 2022
536

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň wekiliýeti Abu-Dabide birnäçe gepleşikleri geçirdi. BAE bilen bilelikdäki ulag-logistika kompaniýasyny döretmek we täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynydaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň (TULM) we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri hem-de ýolbaşçylary türkmen wekiliýetiniň düzüminde boldular.

Beýleki habarlar