Güneşli Diýarymyzda ynsan saglygyna peýda beriji ýerler sanardan köp. Olaryň köpüsi tebigy taýdan ýerden çogup çykýan derman garyndyly ýerasty köllerdir. Paýtagtymyz Aşgabatdan 90 kilometr çemesi uzaklykda – Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän Köwata köli şeýle ýerleriň biri hökmünde bellidir.
Biz säher bilen awtoulagda köle tarap ýola düşenimizden, eýýäm Gün gyzmanka ol ýere baryp düşdük.