Awazada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag boýunça maslahaty geçirilýär

15 Awgust 2022
415

15-nji awgustda irden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty öz işine başlady.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40 golaý döwletleriň hem-de halkara  guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar. Bu çäre şeýle hem BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň ýolbaşçylaryny, hususy ulgamyň, hökümete dahylsyz birleşikleriň, ylmy toparlaryň wekillerini birleşdirdi. Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar. 

Beýleki habarlar