Tylla güýzüň örküji

18 Sentýabr 2024
494

Türkmen milli ýyldyz senenamasynyň ýedinji döwri bolan mizan tyllaýy reňkli güýz paslynyň tüýs örküjine gabat gelýär. Ýylyň 23-nji sentýabr — 22-nji oktýabr aralygyny öz içine alýan bu möwsüm daýhan üçinem, çarwa üçin-de möhüm döwürleriň biri. Aslynda-da, güýze beýleki pasyllara meňzemeýän özboluşlyklar mahsus.

Tomsuň jöwzasy-ha mazaly sowlandyr, gyşyň sowugyna hem heniz biraz maý bardyr. Ine, şu häsiýeti bilen güýz her bir zähmet adamyna «hany, tomus yssy diýýädiň, ol-a sowuldy, gyşyň doňaklygyna hem entejik wagt bar, näme eliňden gelýän bolsa gaýgyrma, goluňy çerme-de giriş, dek oturma» diýýän ýalydyr. «Gije diýýäniň bir tutam, gysga, gündiz bolsa aňyrsyna ýetdirmeýän uzaklyk» diýjek gümanyň ýok, gije bilen gündiziň deňleşýän günlerem, ynha, şu möwsüm bilen baglanyşykly. Tüýs deňagramlylyk! Adyna kybap, mizan — terezi!

Meretmämmet HANMÄMMEDOW.
«Arkadag».