Bilimiň ynsan ömrüni ýagtyldýan ýolgörkeziji şamçyragdygy hemmä mälim. Bilim almak, zehiniňi has-da kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriňdir şertleriň döredilen ýurdunda ýaşamagyň, okamagyň özi uly bagt. Şol döredilýän şertlerden ruhlanýan mekdep okuwçylarymyz diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, dünýä derejesinde geçirilýän olimpiadalarda üstünlikli çykyş edýärler. Şeýle zehinli jigilerimiziň hatarynda Aýgül Atajanowany hem görkezmek bolar.
Ol Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy. Zehinli jigimiziň himiýa dersi boýunça gazanan üstünliklerini eşideniňde, oňa dürli wagtlarda gowşurylan diplomlardyr Hormat hatlaryny göreniňde, «berekella» diýeniňi duýman galýarsyň. Ilki bilen, Aýgülüň şu ýylda gazanan üstünlikleri bilen tanşalyň. Ol iýul aýynyň 21—30-y aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen 56-njy Bütindünýä halkara himiýa olimpiadasynda kümüş medala, şu ýylyň aprel aýynyň 21—26-sy aralygynda bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäherinde geçirilen himiýa boýunça 58-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle-de şu ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda himiýa dersi boýunça 1-nji orny eýeledi.