Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň golaýlap gelmegi bilen welaýat merkezleriniň we paýtagtymyzyň söwda bazarlarynda mekdep bazarlary hem-de göçme söwda nokatlary işlerini üstünlikli dowam etdirýär.
Mekdep bazarlarynyň okuwçylar üçin gerek bolan okuw esbaplary bilen doly üpjün edilmegi ýurdumyzda 2022 — 2023-nji okuw ýylyna ýokary guramaçylykda taýýarlyk görlendigini görkezýär.