«Mähriban maşgalam - döwletli ojagym»

27 Awgust 2022
1553

Adamzat özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala bolup ýaşamaga uly sarpa goýup gelipdir. Häzirki döwürde hem türkmen maşgalasyna goýulýan sarpa, hormat uludyr. Maşgala - adamzadyň hojalyk döretmeginiň, öz durmuşyny ýöretmeginiň, çaga terbiýelemegiň esasy binýady bolup durýar. Asyrlarboýy türkmen halky maşgalany keramatly, mukaddes hasaplap gelipdir. Her bir maşgalanyň agzybirliginde, dowamlylygynyň berkemeginde, ata-babalarymyzdan arkama-arka gelip ýeten däp-dessurlarymyzy, ynançlarymyzy dowam etdirmegimizde maşgala agzalarynyň her biriniň uly orny bar.

Hut şu mukaddes düşünjeler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen maslahatyň özenini düzdi. Çärjew etrap häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen «Mähriban maşgalam - döwletli ojagym» diýlip atlandyrylan çärä bilim ulgamynda zähmet çekýän zenanlar, kümüş saçly eneler we ýaşlar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler maşgala mukaddesligi, zenan terbiýesi, ahlaklylyk, edeplilik hem-de millilik dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Kümüş saçly eneler ýaşlara öwüt-ündew berdiler. Şeýle-de, maslahat bilen bir hatarda bu ýerde zenanlaryň el işleriniň sergisi guraldy.

Beýleki habarlar