Ynsan hemişe öz saglygynyň ugrunda aladalanmaly. Bu babatda pederlerimiz «Saglygym — begligim», «Sag başym — soltan başym» diýip aýdypdyrlar.
Gün şöhlesiniň peselip, güýz paslynyň aralaşyp başlamagy bilen adamlaryň arasynda gyzdyrma döräp bilýär. Bu ýagdaý, esasan, kellagyryny, ysgynsyzlygy emele getirýär. Howanyň gyzgyn-sowuk gatyşykly bolmagy sebäpli bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagy dem alşyň kynlaşmagyna sebäp bolup, ahyrky netijede ol nähoşluga alyp barýar.