Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmäge we häzirki zaman ulag-üstaşyr geçelgelerini kämilleşdirmek arkaly durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek we bu babatda halkara guramalary bilen geçirilýän çäreleri yzygiderli dowam etdirmekde uly ösüşler gazanylýar.
Türkmenistanyň ulag ulgamynda gazanan üstünlikleriniň we eýe bolan halkara abraýynyň has-da pugtalanmagynyň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde hormatly Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Rezolýusiýalaryň kabul edilmegini aýratyn bellemek bolar. Şunuň bilen, 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň orny», 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda», 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama, «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz, ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edilipdi.