Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe häzirki zaman köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýetini täzeden dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler aýdyň tassyklaýar.
Türkmenistan döwletimiziň geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşmegi taryhda türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýetini häzirki zaman şertlerine laýyklykda gaýtadan dikeltmäge, ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmäge amatly şertleri döredýär.