Türkmenistan bilen Özbegistan ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlygyny ösdürýär

9 Sentýabr 2022
407

Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary 7-nji sentýabrda Daşkent şäherinde geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwdany ýakyn wagtda 2 milliard ABŞ dollaryna çenli ýokarlandyrmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda taraplar ulag-logistik gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda iki ýurduň çäginden harytlaryň üstaşyr geçirilmegini höweslendirmek çärelerini, şeýle hem deňiz portlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, halkara ulag geçelgeleri arkaly synag gatnawlaryny guramak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Beýleki habarlar