Hytaýyň awtoulag şaýlary Türkmenistanyň üstünden Eýrana iberiler

8 Sentýabr 2022
530

Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen we eksporta iberilen awtoulag şaýlary Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly arkaly daşalar. Gazagystanyň demir ýol edarasynyň berýän habaryna görä, awtoulaglaryň şaýlary, dürli görnüşli enjamlar ýüklenilen, her biri 40 fut bolan 50 sany konteýnerden ybarat bolan otly Hytaýyň Jingan demirgazyk-gündogar stansiýasyndan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça iberildi.

Gazagystan Express multimodal operatory tarapyndan amala aşyrylýan ýükli otly Gazagystanyň Altynkol we Bolaşak serhet geçelgelerinden geçer, soňra eýran-türkmen serhedindäki Inçeburun bekedinden barmaly ýerine — Eýranyň Jolfa bekedine barar.

Beýleki habarlar