Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň durnukly ösüşi

10 Sentýabr 2022
539

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 9-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda  bolşy ýaly, ulag-aragatnaşyk ulgamynda hem durnukly ösüş gazanylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.

Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,7 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 110,4 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi.

Beýleki habarlar