Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mary welaýatyna iş sapary

5 Sentýabr 2022
413

3-nji sentýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz sebitdäki işleriň ýagdaýy, bejergi alýan çagalaryň saglygyny berkitmek ugrunda welaýatyň çagalar hassahanasynda alnyp barylýan işler, täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň amatly ýaşamagy we dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidine baryp gördi.

Häzirki wagtda durmuş ugurly desgalaryň, hususan-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli merkezleriň gurulmagyna, olaryň ýokary halkara görkezijilere kybap derejede enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Beýleki habarlar