Täsirli geçen halkara maslahat

9 Sentýabr 2022
413

Arkadagly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde il-ýurt bähbitli, döwletli işler amala aşyrylýar, bagtyýar halkymyzy toý-baýramly günleriň gujagynda ýaşadýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri taryhy özgerişleri bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar. agtyýar watandaşlarymyzyň köňül şatlygyny artdyran bu taryhy wakalar Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyny şöhratlandyrmakda, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermekde, berkarar döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýetlidir. Ýakynda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahatyň geçirilmegi hem bu aýdanlarymyza mysaldyr.

Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahatyň maksady Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesini giňden ýaýmakdan we beýan etmekden, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça halkara hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilen halkara foruma Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, gazet-žurnallaryň ýolbaşçylaryndan hem-de işgärlerinden başga-da daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetleriniň talyplary gatnaşdylar.

Beýleki habarlar