Lebaply pagtaçylar ýetişdirilen bol hasyly ýygnamaga girişdiler

9 Sentýabr 2022
500

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady, syýasy hem-de medeni taýdan galkynýan ýurdumyz - Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan asyrlara barabar ösüşler bilen günsaýyn öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy hem-de öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly özgertmeler amala aşyrylyp, ýokary ösüşler gazanylýar. Bagtyýarlyk gadamlary bilen abraýy gün-günden galkynýan diýarymyzda Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde ýaşaýyş durmuşymyzyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan anyk özgertmeler jemgyýetçilik galkynmasyny döredýär. Ýurdumyzda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň pagta ýygym möwsümine girişilmegi hem raýatlarymyz tarapyndan gyzgyn garşy alyndy.

7-nji sentýabrda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzda pagta ýygymyna girişildi. Il sylagly ýaşulularyň «Bismillasi» bilen, ýurdumyzyň 4 welaýatynda, şol sanda Lebap welaýatynda hem möhüm oba hojalyk möwsümine badalga berildi. Ilki bilen welaýat häkimliginde il sylagly ýaşulularyň, şäher we etrap häkimleriniň, olaryň oba hojalygy boýunça orunbasarlarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, edaralaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi.

Beýleki habarlar