Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

9 Sentýabr 2022
407

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Milli goşunymyzyň harby bölümlerinde ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, işgärler kuwwatyny berkitmek, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleri döretmek boýunça görülýän çäreler, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Beýleki habarlar