"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Myh­man küşt­çi

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Onuň gel­jek ha­ba­ry oba­nyň küşt­çü­le­ri­ni, ýok, asyl oba­ny he­re­ke­te ge­tir­di. Oba­nyň küşt­çü­le­ri: «Ol adam nä­hi­li adam­ka, şeý­le ez­ber oý­na­ýar­my­ka?» di­ýip oýa bat­sa, beý­le­ki adam­lar: «Küşt­çü­le­riň oba­sy di­ýen ady­myz pü­çe­ge çy­ka­ýar­my­ka?» di­ýip oýa bat­ýar­dy­lar.

10 gün gal­dy...

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Ga­raň­ky gat­ly­şyp, hem­me ki­şi öz ota­gy­na çe­ki­len­soň, ba­ryp se­ne­na­manyň ýe­ne bir gü­nü­niň gu­ta­ran­dy­gy­nyň şa­ny­na ki­çi­jik bel­lik et­dim. Indi oku­wyň gu­ja­gy­ny giň­den açyp, bi­zi ýag­ny, «okuw­çy» di­ýip at­lan­dy­ry­lan ki­çi­jik, has dog­ru­sy, «özü­miz­den ki­çi­le­re gö­rel­de bol­ma­ly ul­la­kan» ýet­gin­jek­le­ri gar­şy­la­ma­gy­na hem-de tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy­na di­ňe­je 10 gün ga­lyp­dy. 10 gün… Köp ki­şi üçin nä­hi­li uzak wagt. As­lyn­da, 240 sa­ga­dy, 14 müň 400 mi­nu­dy, 864 müň se­kun­dy göz öňü­ne ge­tir­sek, ha­ky­kat­da­nam, az wagt ha­sap­la­ma­saň-da bol­jak. Em­ma 10 gü­nem gö­zü­ňi açyp ýum­ýan­çaň eý­ýäm ge­çip gid­ýär. Indi mek­dep­de okap baş­la­ma­ly al­ty ýaş­ly­ja ça­ga­lar­dan baş­lap, ene-ata­la­ra çen­li hem­me ki­şi okuw ýy­ly­nyň baş­la­jak­dy­gy­na be­gen­ýär­di hem-de sa­byr­syz­lyk bi­len 1-nji sent­ýab­ryň, has dog­ru­sy, bu ýyl üçin 2-nji sent­ýab­ryň gel­me­gi­ne ga­raş­ýar­dy.

Çä­ge heý­kel­ta­raş­ly­gy — geň-aja­ýyp sun­gat

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Çä­gä­niň we su­wuň bol ýe­ri bo­lan de­ňiz ke­nar­la­ryn­da pal­çyk­dan ki­çi­jik bi­na­la­ry, köp­lenç ga­la­jyk­la­ry ýa­sap otu­ran ça­ga­la­ryň şa­dy­ýan keş­bi sa­pa­ly to­mus pas­ly­nyň eş­ret­li gün­le­ri­ne aý­ra­tyn be­zeg ber­ýär. Kör­pe­ler üçin gy­zyk­ly bu gys­ga wagt­lyk güý­men­je hä­zir­ki dö­wür­de örän giň­den ro­waç­la­nyp, ha­ky­ky sun­gat de­re­je­si­ne gö­te­ri­len çä­ge heý­kel­ta­raş­ly­gy­nyň göz­ba­şy bo­lup dur­ýär.

Ajaýyp zamana – bagtyýar durmuş

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleri mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly toýuna taryhy ösüşler bilen barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde adam hakyndaky aladanyň ilkinji orundadygynyň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenmegi netijesinde halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görýär. Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany diýlip dünýäde belent ykrarnama eýe bolan eziz Watanymyzda raýatlaryň saglyklaryny berkitmegi, dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy üçin döredilen şert-mümkinçilikleriň hem Ýer ýüzüne nusgalykdygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Hormatly Prezidentimiz: «Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr. Döwletimiziň kuwwatyny, jemgyýetimiziň kämilligini pugtalandyrýan özgertmeler, Türkmenistany dünýäde sazlaşykly ösýän döwletleriň biri hökmünde giňden tanadýan taslamalar hem şu beýik maksada – halkymyzyň bagtyýarlygyna hem-de eziz Watanymyzyň röwşen geljegine hyzmat edýär» diýip nygtaýar. Bu dürdäne sözleriň döwrümiziň ajaýyp hakykatynyň aýdyň beýanydygyna häzirki wagtda dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde bagtyýar raýatlarymyzyň saglyklary

Garaşsyzlyk – şan-şöhratymyz

«Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr. Şoňa görä-de, biziň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan hormatymyz, söýgimiz, wepalylygymyz ebedidir we egsilmezdir» diýip, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň ösüşli zamanasynda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy taryhy ösüşlere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň şu dürdäne sözlerinden hem görnüşi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyz geçmişimizi, şu günümizi, geljegimizi özünde jemläp, at-abraýymyzyň we şan-şöhratymyzyň dünýä dolandygynyň kepilidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň ösüşli zamanasy hökmünde buýsanç bilen häsiýetlendirmek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren bu ajaýyp zamanasynda taryhy jähetden alanyňda, örän gysga döwürde ykdysadyýetimiziň güýçli depginde ösmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, ýurdumyzyň ynsanperwer daşary syýasatynyň halkara derejede dabaralanmasy ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki şan-şöhratyny täze belentliklere göterdi. Dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda ýurdumyzyň öňe süren oňyn başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tara

Ähli zat çagalar üçin

19 – 22-nji awgust aralygynda paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi. Kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky giň açyk meýdançada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralan sergide çagalar üçin harytlardyr hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň hem-de Russiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Gazagystanyň kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, maşgalalaryň maddy-durmuş ýagdaýynyň ýokarlanmagy, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi babatda geçen ýyllarda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalara işjeň gatnaşýan BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem bar. Halkara sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň sport mekdepleriniň türgenleri sport görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Sergide türkmen ýaşlarynyň dürli ýaryşlarda gazanan medallarydyr kuboklary hem görkezildi, olar gatnaşyjylarda, aýratyn-da, çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Ýaş nesil bu ýerde sportuň birnäçe görnüşi bilen meşgullanyp görmäge mümkinçilik aldy. Şeýle h

Beýik söýginiň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösdürilýär, döwrebap özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgelere, milli ruhy garaýyşlarymyza uly ähmiýet berilýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» atly ajaýyp romanynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýän ynamyň hakyky gahrymanlaryň durmuşyndan alnandygy, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň öz eziz kyblasynyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanandygy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» romanynda, «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Enä tagzym – mukaddeslige tazgym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy» ýaly ençeme eserlerinde mähriban pederleriň paýhasyna hormat goýmagy durmuş hakykaty bilen utgaşyklylykda anyk maglumatlar bilen subut edýär.

Milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy

Agzybir halkymyz Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyny dünýä ýaň saljak dabaralar bilen belläp geçmäge giňden taýýarlyk görýär. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa ajaýyp zamanamyzyň şanly wakasy bolmak bilen birlikde, milli demokratiýamyzyň hem özboluşly dabaralanmasyna öwrüler. Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçiriljek nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda ýetilen belent sepgitlere, geçen döwürde durmuşa geçirilen işlere seljerme berilmek bilen birlikde, geljekde gazanyljak ösüşlere ýetmegiň anyk wezipeleriniň kesgitlenjekdigini, taryhy çözgütleriň kabul ediljekdigini uly ynam bilen aýdyp bileris. Bu bolsa «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli ma

«Jemşidiň jamyna» dünýä hyrydar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen türkmeniň paýhas ummanynyň şamçyragy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy diňe bir öz ýurdumyzda däl, halkara derejesinde dabaralanýar. Magtymguly Pyragy hakynda söhbet etsek, ilki bilen, 2023-nji ýylyň güýzünde hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň belent münberinden eden çykyşy ýadymyza düşýär.  Döwlet Baştutanymyz şonda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň halkara derejesinde belleniljekdigini aýdyp, ussadyň «Adamzat» diýen şygryndan şu setirleri mysal getirmegi halkymyzyň başyny göge ýetirdi:

San­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar we ter­bi­ýe

Hä­zir­ki dö­wür­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ry­na iş­jeň or­na­şyp, dün­ýä­mi­zi öz­gerd­ýär. Ýer ýü­zü­niň is­len­dik kün­je­gin­de bol­saň-da, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ra duş gel­mek bol­ýar. Bu gün hat­da ki­çi ýaş­ly ça­ga­lar hem dür­li gör­nüş­li san­ly en­jam­la­ry ýe­ňil­lik bi­len peý­da­lan­ma­gy ba­şar­ýar. Teh­no­lo­gi­ýa­lar dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ry bi­len bir ha­tar­da, ça­ga­lyk döw­ri dü­şün­je­si­ni hem düý­bün­den öz­gerd­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ça­ga­la­ryň kö­pü­si­niň gü­nüň köp bö­le­gi­ni maş­ga­la ag­za­la­ry ýa-da deň-duş­la­ry bi­len oý­na­ma­ga däl-de, komp­ýu­ter­dir smart­fon­la­ra güý­men­mä­ge sarp et­me­gi-de tö­tän­den däl­dir. In­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar, bir ta­rap­dan, dur­mu­şy­my­zy gör­ne­tin ýe­ňil­leş­dir­ýän bol­sa, beý­le­ki ta­rap­dan, ki­çi­lik­den dür­li en­jam­la­ry uzak wagt­lap peý­da­lan­mak ça­ga­lar üçin zy­ýan­ly ne­ti­je­le­re hem ge­ti­rip bil­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, ata-ene­le­re ça­ga­la­ry­nyň elekt­ron en­jam­lar­dan peý­da­la­nyş ter­ti­bi­ni re­je­le­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Luk­man­lar iki ýa­şy­ny dol­dur­ma­dyk ça­ga­la­ryň elekt­ron en­jam­lar­dan peý­da­lan­ma­gy­na ýol ber­mez­li­gi mas­la­hat ber­ýär. Çün­ki şu dö­wür­de ça­ga­nyň beý­ni­si, nerw ul­ga­my ejiz bo­lup, elekt­ron en­jam­lar­da­ky wi­deo­la­ra to­ma­şa et­mek ýa-da oýun­la­ry oý­na­mak onuň gep­l

Awaza – gözel mekan

Dünýä syýahatçylygynyň merjeni hasaplanylýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Ýer ýüzüniň jahankeşdeleriniň uly gyzyklanma bildirýän künjegi bolup, onda dünýä ülňülerine laýyk gelýän dynç alyş, saglygy dikeldiş, sport hem-de myhmanhana toplumlarynyň ençemesi bar. Sanlyja ýyllaryň içinde gurlup, halkyň hyzmatyna berlen şol kaşaň binalar Hazaryň türkmen kenaryny jenneti mekana öwürdi. Ýokary derejeli myhmanhanalar, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri saglygy berkitmäge, bedeni taplamaga hem şert döredýär. Gözel mekanda ýahta we sport klublary döwrebap derejede hyzmat edip, olaryň gurluşygynda millilige hem aýratyn üns berlipdir. Bu ýerde iri sport çäreleri, ýaryşlary, özara duşuşyklary, türgenleşikleri geçmek üçin hem sport merkezleri, toplumlary hereket edýär. Dost-doganlyk mekany hökmünde ykrar edilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen ýyllaryň dowamynda halkara derejesindäki forumlaryň ençemesiniň üstünlikli geçirilmegi Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynyň dünýädäki meşhurlygynyň artmagyna itergi berdi. Ýakynda bu ajaýyp ýerde «Awaza – dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çäreleriniň üstünlige beslenip geçirilmegi, oňa Russiýa Federasiýasyndan hem mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagy diýseň begendirýär. Bu giň göwrümli çäreleriň çäginde ýaňlanan aýdym-sazlaryň deňiz kenaryny ala-ýaza besländigini, olarda bagtly çagalygyň, dost-doganlygyň we Awazanyň wasp

Bedenterbiýe we sport

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde «Aziýanyň merjeni Aşgabat – täze sport mümkinçilikleriniň mekany» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Hoşallyk maslahatynda çykyş eden kärdeşlerimiz gözel paýtagtymyzyň sport mekdepleridir desgalary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Sport ulgamynda ýetilen belent sepgitler we gazanylan netijeler baradaky buýsançly söhbetler maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Döwrebap sport mekdepleridir desgalarynda işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp alkyş aýdýarys.

Täzelik

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginde bugdaýy gaýtadan işläp, ondan un öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýerde üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynyň meýilnamasy artygy bilen berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde kärhana boýunça 24 müň 39 tonna un, 7 müň 326 tonna kepek, 600 tonna bugdaý ýarmasy, 10 müň 295 tonna tüwi öndürildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 74 million 829 müň 971 manatlyga deň boldy.

Milli Liderimiziň ynsanperwerlik ýoly bilen

«Ýagşy iş et, senden ýagşy at galar».                                                                     Magtymguly Pyragy. Makalamyza beýik Magtymgulynyň sözlerini ýöne ýere giriş edip almadyk. Ol söz açýan temamyzyň süňňüni düzýän pikirleri doly häsiýetlendirýär. Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer» romanynyň hem hut şu senaly setir bilen açylýandygyny bellemelidiris. Mälim bolşy ýaly, bu eserde Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň gysga, emma yhlasly zähmet we çuňňur adamkärçilik bilen uly mana eýe bolan ömri beýan edilýär. Ony adamlar diňe ýagşylykda ýatlaýarlar. Berdimuhamet aganyň ynsana garaşyk etmek häsiýeti häzir asylly maşgala we terbiýe däbi, tutuş ýurt derejesinde bolsa ynsanperwer ýörelge hökmünde dowam etdirilýär.

Rowaç tutumlaryň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleriň ählisi halkymyzyň abadan hem bolelin, parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Täze taryhy döwrümiz agzybir türkmen halkyna buýsançly wakalary, beýik özgertmeleri bagyşlaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýylymyzy bezejek, kalplara buýsanç duýgusyny paýlajak möhüm wakalaryň birine öwrüler. Umumymilli forumyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk — bu biziň göterilen ykbalymyzdyr! Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, geçilen taryhy menzillere ser salmak, geljekde öňde duran wezipeleri anyk kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň gazananlaryny berkitmek esasy wezipämizdir. Ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary ak ýollara ugrukdyrmak baş maksadymyzdyr.

Täzelik

Halkyň çörek we çörek önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmakda «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki 2-nji çörek kärhanasynda netijeli işler alnyp barylýar. Kärhanada şu ýylyň geçen ýedi aýynda çörek we çörek önümleriniň 9 müň 860 tonnasy, unaş önümleriniň hem 292 tonnasy öndürilip, ilata hödürlenildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 27 million 820 müň 525 manatlyga deň boldy. Ýedi aýlyk iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi.

Döwletli maslahata taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bagtyýar ýaşlaryň ykbalyna hem özgerdiji täsirini ýetirer. Çünki öňki mejlislerde hem ýaş nesliň geljegi bilen baglanyşykly birnäçe özgertmelere badalga berlipdi. Bular dogrusynda şu günler etrabymyzdaky edara-kärhanalarda «Döwletli işler halkyň bähbidine» diýen at bilen geçirilýän maslahatlarda giňden durlup geçilýär. Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ähmiýetini giň halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilýän çärelerde edilýän çykyşlarda bu ählihalk forumynyň ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň hatyrasyna gönükdirilen beýik işlere badalga bolýandygy nygtalýar. Şeýle hem bu döwletli maslahata taýýarlyk görmek boýunça welaýatymyzda alnyp barylýan guramaçylykly işler barada giňden durlup geçilýär.

Wagyz-nesihat çäreleri

Sagdyn durmuşyň höziri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagy bilen jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy bilen bagly çäreler yzygiderli geçirilýär. Şu wezipäniň maksady bolsa, sagdynlygyň hemmelere baş ýörelge bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Golaýda şu meseleden ugur alnyp, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrabyň Agzybir geňeşligi bilen bilelikde ady agzalan geňeşlikde “Ýörelgämiz — sagdynlyk” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärä TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, Agzybir, Daýhan, Soltanyz geňeşlikleriniň işgärleri we oba adamlary gatnaşdylar.

Doganlyk. dostluk. ynanyşmak

Taryhdan bilşimiz ýaly, amatly geoykdysady ýerleşişi bilen tapawutlanýan Merkezi Aziýanyň ägirt uly mümkinçilikleri gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen açylypdyr. Bu sebit Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda özboluşly «köpri» bolup gelýär. Şonuň üçin-de sebitiň ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de işjeňleşdirmek häzirki günüň wajyp wezipesidir. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşyp, taryhy çykyş etmegi sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm çemeleşmedir. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklar barha ýygjamlaşýar. Bu iri sebiti örän güýçli we çalt depginler bilen ösýän, şonuň ýaly-da geljegi uly ykdysady sebitlere goşmaga ähli mümkinçiliklerdir artykmaçlyklar bar. Aslynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň döredilmegi şu taryhy jähetden ugur alypdy. Dostlukly ýurtlaryň Baştutanlary bu formatyň çäginde 2018-nji ýylda Astanada, 2019-njy ýylda Daşkentde, 2021-nji ýylda Türkmenbaşyda, 2022-nji ýylda Çolpon-Atada, 2023-nji ýylda-da Duşenbede duşuşypdylar. Şol sammitler konsultatiw duşuşyklaryň öz wagtynda öňe sürlen başlangyçdygyny, sebitiň ösüşine goşmaça itergi bermekde derwaýys ähmi

Sahawat we şepagat

Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alan çagalar häzirki tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde öz ene-atalary bilen dynç alyp, saglyklaryny dikeldýärler. Bu ýerde çagalar ýoda baý deňiz kenarynyň howasy esasynda aromoterapiýa, ýyly çägede psamoterapiýa, kenar läbiginde pelloidoterapiýa, deňiz suwunda talassoterapiýa, Gün şöhlesinde gelioterapiýa, dürli daşlar bilen owkalamada stounoterapiýa we merkeziň düzüminde hereket edýän bölümlerinde balneoterapiýa, suw bilen bejeriş we fizioterapiýa usullary arkaly netijeli dikeldiş bejergilerini kabul edip, saglyklaryny dikeldýärler.