Milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy

23 Awgust 2024
91

Agzybir halkymyz Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyny dünýä ýaň saljak dabaralar bilen belläp geçmäge giňden taýýarlyk görýär. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa ajaýyp zamanamyzyň şanly wakasy bolmak bilen birlikde, milli demokratiýamyzyň hem özboluşly dabaralanmasyna öwrüler.

Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçiriljek nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda ýetilen belent sepgitlere, geçen döwürde durmuşa geçirilen işlere seljerme berilmek bilen birlikde, geljekde gazanyljak ösüşlere ýetmegiň anyk wezipeleriniň kesgitlenjekdigini, taryhy çözgütleriň kabul ediljekdigini uly ynam bilen aýdyp bileris. Bu bolsa «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» amala aşyrmagyň binýadynyň hut şeýle döwletli maslahatlarda goýulýandygyny nobatdaky gezek görkezer.