Garaşsyzlyk – şan-şöhratymyz

23 Awgust 2024
110

«Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr. Şoňa görä-de, biziň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan hormatymyz, söýgimiz, wepalylygymyz ebedidir we egsilmezdir» diýip, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň ösüşli zamanasynda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy taryhy ösüşlere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň şu dürdäne sözlerinden hem görnüşi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyz geçmişimizi, şu günümizi, geljegimizi özünde jemläp, at-abraýymyzyň we şan-şöhratymyzyň dünýä dolandygynyň kepilidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň ösüşli zamanasy hökmünde buýsanç bilen häsiýetlendirmek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren bu ajaýyp zamanasynda taryhy jähetden alanyňda, örän gysga döwürde ykdysadyýetimiziň güýçli depginde ösmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, ýurdumyzyň ynsanperwer daşary syýasatynyň halkara derejede dabaralanmasy ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki şan-şöhratyny täze belentliklere göterdi. Dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda ýurdumyzyň öňe süren oňyn başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip düzülen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, şolaryň netijesinde hem obalarymyz, şäherçelerimiz, şäherlerimiz tanalmaz derejede gözelleşdi, täze-täze obalar, şäherçeler döredi. Häzirki döwürde ikinji tapgyrynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan Arkadag şäheri bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny dünýä ýaýan gudrat boldy.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.