Doganlyk. dostluk. ynanyşmak

22 Awgust 2024
104

Taryhdan bilşimiz ýaly, amatly geoykdysady ýerleşişi bilen tapawutlanýan Merkezi Aziýanyň ägirt uly mümkinçilikleri gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen açylypdyr. Bu sebit Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda özboluşly «köpri» bolup gelýär. Şonuň üçin-de sebitiň ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de işjeňleşdirmek häzirki günüň wajyp wezipesidir. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşyp, taryhy çykyş etmegi sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm çemeleşmedir.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklar barha ýygjamlaşýar. Bu iri sebiti örän güýçli we çalt depginler bilen ösýän, şonuň ýaly-da geljegi uly ykdysady sebitlere goşmaga ähli mümkinçiliklerdir artykmaçlyklar bar. Aslynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň döredilmegi şu taryhy jähetden ugur alypdy. Dostlukly ýurtlaryň Baştutanlary bu formatyň çäginde 2018-nji ýylda Astanada, 2019-njy ýylda Daşkentde, 2021-nji ýylda Türkmenbaşyda, 2022-nji ýylda Çolpon-Atada, 2023-nji ýylda-da Duşenbede duşuşypdylar. Şol sammitler konsultatiw duşuşyklaryň öz wagtynda öňe sürlen başlangyçdygyny, sebitiň ösüşine goşmaça itergi bermekde derwaýys ähmiýete eýe bolandygyny aýdyň görkezdi. Geçen bäş ýylda olaryň çäginde teklipdir başlangyçlaryň 100-den gowragynyň öňe sürlüp, köpüsiniň eýýäm durmuşa geçirilip başlanandygy-da muny doly subut edýär.

Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.