Awaza – gözel mekan

23 Awgust 2024
66

Dünýä syýahatçylygynyň merjeni hasaplanylýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Ýer ýüzüniň jahankeşdeleriniň uly gyzyklanma bildirýän künjegi bolup, onda dünýä ülňülerine laýyk gelýän dynç alyş, saglygy dikeldiş, sport hem-de myhmanhana toplumlarynyň ençemesi bar. Sanlyja ýyllaryň içinde gurlup, halkyň hyzmatyna berlen şol kaşaň binalar Hazaryň türkmen kenaryny jenneti mekana öwürdi. Ýokary derejeli myhmanhanalar, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri saglygy berkitmäge, bedeni taplamaga hem şert döredýär. Gözel mekanda ýahta we sport klublary döwrebap derejede hyzmat edip, olaryň gurluşygynda millilige hem aýratyn üns berlipdir. Bu ýerde iri sport çäreleri, ýaryşlary, özara duşuşyklary, türgenleşikleri geçmek üçin hem sport merkezleri, toplumlary hereket edýär.

Dost-doganlyk mekany hökmünde ykrar edilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen ýyllaryň dowamynda halkara derejesindäki forumlaryň ençemesiniň üstünlikli geçirilmegi Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynyň dünýädäki meşhurlygynyň artmagyna itergi berdi. Ýakynda bu ajaýyp ýerde «Awaza – dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çäreleriniň üstünlige beslenip geçirilmegi, oňa Russiýa Federasiýasyndan hem mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagy diýseň begendirýär. Bu giň göwrümli çäreleriň çäginde ýaňlanan aýdym-sazlaryň deňiz kenaryny ala-ýaza besländigini, olarda bagtly çagalygyň, dost-doganlygyň we Awazanyň waspynyň belentden ýetirilendigini bellemek ýakymlydyr.

Jemal GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.