Döwletli maslahata taýýarlyk görülýär

22 Awgust 2024
115

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bagtyýar ýaşlaryň ykbalyna hem özgerdiji täsirini ýetirer. Çünki öňki mejlislerde hem ýaş nesliň geljegi bilen baglanyşykly birnäçe özgertmelere badalga berlipdi. Bular dogrusynda şu günler etrabymyzdaky edara-kärhanalarda «Döwletli işler halkyň bähbidine» diýen at bilen geçirilýän maslahatlarda giňden durlup geçilýär.

Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ähmiýetini giň halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilýän çärelerde edilýän çykyşlarda bu ählihalk forumynyň ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň hatyrasyna gönükdirilen beýik işlere badalga bolýandygy nygtalýar. Şeýle hem bu döwletli maslahata taýýarlyk görmek boýunça welaýatymyzda alnyp barylýan guramaçylykly işler barada giňden durlup geçilýär.

Oýdin AŞIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň hünärmeni.