Bedenterbiýe we sport

23 Awgust 2024
75

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde «Aziýanyň merjeni Aşgabat – täze sport mümkinçilikleriniň mekany» atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Hoşallyk maslahatynda çykyş eden kärdeşlerimiz gözel paýtagtymyzyň sport mekdepleridir desgalary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Sport ulgamynda ýetilen belent sepgitler we gazanylan netijeler baradaky buýsançly söhbetler maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Döwrebap sport mekdepleridir desgalarynda işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp alkyş aýdýarys.