Ajaýyp zamana – bagtyýar durmuş

23 Awgust 2024
105

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleri mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly toýuna taryhy ösüşler bilen barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde adam hakyndaky aladanyň ilkinji orundadygynyň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenmegi netijesinde halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görýär. Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany diýlip dünýäde belent ykrarnama eýe bolan eziz Watanymyzda raýatlaryň saglyklaryny berkitmegi, dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy üçin döredilen şert-mümkinçilikleriň hem Ýer ýüzüne nusgalykdygyny buýsanç bilen aýdyp bileris.

Hormatly Prezidentimiz: «Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr. Döwletimiziň kuwwatyny, jemgyýetimiziň kämilligini pugtalandyrýan özgertmeler, Türkmenistany dünýäde sazlaşykly ösýän döwletleriň biri hökmünde giňden tanadýan taslamalar hem şu beýik maksada – halkymyzyň bagtyýarlygyna hem-de eziz Watanymyzyň röwşen geljegine hyzmat edýär» diýip nygtaýar. Bu dürdäne sözleriň döwrümiziň ajaýyp hakykatynyň aýdyň beýanydygyna häzirki wagtda dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde bagtyýar raýatlarymyzyň saglyklaryny berkitmegi, dynç almagy üçin döredilen şert-mümkinçilikleriň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýärsiň. Milli Liderimiziň paýhasyndan dörän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda dynç alýan, şol dynç alşy hem sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berjaý etmek, sport bilen meşgullanmak bilen sazlaşykly geçirýän ildeşlerimiziň döredilen şeýle amatly şert-mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarynyň, hoşallyklarynyň egsilmezdigini nygtamak aýratyn ýakymlydyr.

«Türkmen sporty».