Milli Liderimiziň ynsanperwerlik ýoly bilen

23 Awgust 2024
110

«Ýagşy iş et, senden ýagşy at galar».
                                                                     Magtymguly Pyragy.

Makalamyza beýik Magtymgulynyň sözlerini ýöne ýere giriş edip almadyk. Ol söz açýan temamyzyň süňňüni düzýän pikirleri doly häsiýetlendirýär. Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer» romanynyň hem hut şu senaly setir bilen açylýandygyny bellemelidiris. Mälim bolşy ýaly, bu eserde Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň gysga, emma yhlasly zähmet we çuňňur adamkärçilik bilen uly mana eýe bolan ömri beýan edilýär. Ony adamlar diňe ýagşylykda ýatlaýarlar. Berdimuhamet aganyň ynsana garaşyk etmek häsiýeti häzir asylly maşgala we terbiýe däbi, tutuş ýurt derejesinde bolsa ynsanperwer ýörelge hökmünde dowam etdirilýär.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».