Sahawat we şepagat

22 Awgust 2024
114

Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alan çagalar häzirki tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde öz ene-atalary bilen dynç alyp, saglyklaryny dikeldýärler.

Bu ýerde çagalar ýoda baý deňiz kenarynyň howasy esasynda aromoterapiýa, ýyly çägede psamoterapiýa, kenar läbiginde pelloidoterapiýa, deňiz suwunda talassoterapiýa, Gün şöhlesinde gelioterapiýa, dürli daşlar bilen owkalamada stounoterapiýa we merkeziň düzüminde hereket edýän bölümlerinde balneoterapiýa, suw bilen bejeriş we fizioterapiýa usullary arkaly netijeli dikeldiş bejergilerini kabul edip, saglyklaryny dikeldýärler.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.