Ähli zat çagalar üçin

23 Awgust 2024
92

19 – 22-nji awgust aralygynda paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi. Kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky giň açyk meýdançada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralan sergide çagalar üçin harytlardyr hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň hem-de Russiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Gazagystanyň kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, maşgalalaryň maddy-durmuş ýagdaýynyň ýokarlanmagy, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi babatda geçen ýyllarda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalara işjeň gatnaşýan BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem bar. Halkara sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň sport mekdepleriniň türgenleri sport görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Sergide türkmen ýaşlarynyň dürli ýaryşlarda gazanan medallarydyr kuboklary hem görkezildi, olar gatnaşyjylarda, aýratyn-da, çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Ýaş nesil bu ýerde sportuň birnäçe görnüşi bilen meşgullanyp görmäge mümkinçilik aldy. Şeýle hem bu ýerde çagalar üçin birnäçe interaktiw zolaklar döredilipdir. Ýaşajyk türkmenistanlylar serginiň işiniň dowam edýän ähli günlerinde tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda döredijilik we başga-da birnäçe gyzykly ugurlar bilen meşgullandylar. Ýaş nesliň wekilleri üçin meşhur ertekileriň, belli multfilmleriň gahrymanlarynyň keşbini döreden animatorlaryň, artistleriň dürli tanyşdyrylyş çärelerini, ýaşajyk zehinleriň ukyp-başarnyklaryny görkezýän şüweleňi, türkmen sportunyň ýyldyzlarynyň sport çykyşlaryny we olar bilen duşuşyklary gurady.

«Türkmen sporty».
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.