San­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar we ter­bi­ýe

23 Awgust 2024
61

Hä­zir­ki dö­wür­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ry­na iş­jeň or­na­şyp, dün­ýä­mi­zi öz­gerd­ýär. Ýer ýü­zü­niň is­len­dik kün­je­gin­de bol­saň-da, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ra duş gel­mek bol­ýar. Bu gün hat­da ki­çi ýaş­ly ça­ga­lar hem dür­li gör­nüş­li san­ly en­jam­la­ry ýe­ňil­lik bi­len peý­da­lan­ma­gy ba­şar­ýar. Teh­no­lo­gi­ýa­lar dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ry bi­len bir ha­tar­da, ça­ga­lyk döw­ri dü­şün­je­si­ni hem düý­bün­den öz­gerd­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ça­ga­la­ryň kö­pü­si­niň gü­nüň köp bö­le­gi­ni maş­ga­la ag­za­la­ry ýa-da deň-duş­la­ry bi­len oý­na­ma­ga däl-de, komp­ýu­ter­dir smart­fon­la­ra güý­men­mä­ge sarp et­me­gi-de tö­tän­den däl­dir. In­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar, bir ta­rap­dan, dur­mu­şy­my­zy gör­ne­tin ýe­ňil­leş­dir­ýän bol­sa, beý­le­ki ta­rap­dan, ki­çi­lik­den dür­li en­jam­la­ry uzak wagt­lap peý­da­lan­mak ça­ga­lar üçin zy­ýan­ly ne­ti­je­le­re hem ge­ti­rip bil­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, ata-ene­le­re ça­ga­la­ry­nyň elekt­ron en­jam­lar­dan peý­da­la­nyş ter­ti­bi­ni re­je­le­mek mas­la­hat be­ril­ýär.

Luk­man­lar iki ýa­şy­ny dol­dur­ma­dyk ça­ga­la­ryň elekt­ron en­jam­lar­dan peý­da­lan­ma­gy­na ýol ber­mez­li­gi mas­la­hat ber­ýär. Çün­ki şu dö­wür­de ça­ga­nyň beý­ni­si, nerw ul­ga­my ejiz bo­lup, elekt­ron en­jam­lar­da­ky wi­deo­la­ra to­ma­şa et­mek ýa-da oýun­la­ry oý­na­mak onuň gep­le­me­gi öw­ren­me­gi­ne we ru­hy dur­nuk­ly­ly­gy­na tä­si­ri­ni ýe­ti­rip bil­ýär. Ata-ene­ler mek­de­be çen­li ýaş­da­ky ça­ga­la­ryň komp­ýu­ter so­wat­ly­gy­nyň ýa-da da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­me­gi­niň iň der­wa­ýys me­se­le däl­di­gi­ni bil­me­li­dir.

Ma­ral AMA­NO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my, fi­zi­ka-ma­te­ma­ti­ka ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty.