Beýik söýginiň beýany

23 Awgust 2024
76

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösdürilýär, döwrebap özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgelere, milli ruhy garaýyşlarymyza uly ähmiýet berilýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» atly ajaýyp romanynyň ähmiýeti örän uludyr.

Bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýän ynamyň hakyky gahrymanlaryň durmuşyndan alnandygy, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň öz eziz kyblasynyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanandygy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» romanynda, «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Enä tagzym – mukaddeslige tazgym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy» ýaly ençeme eserlerinde mähriban pederleriň paýhasyna hormat goýmagy durmuş hakykaty bilen utgaşyklylykda anyk maglumatlar bilen subut edýär.