Rowaç tutumlaryň binýady

23 Awgust 2024
97

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleriň ählisi halkymyzyň abadan hem bolelin, parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Täze taryhy döwrümiz agzybir türkmen halkyna buýsançly wakalary, beýik özgertmeleri bagyşlaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýylymyzy bezejek, kalplara buýsanç duýgusyny paýlajak möhüm wakalaryň birine öwrüler.

Umumymilli forumyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk — bu biziň göterilen ykbalymyzdyr! Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, geçilen taryhy menzillere ser salmak, geljekde öňde duran wezipeleri anyk kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň gazananlaryny berkitmek esasy wezipämizdir. Ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary ak ýollara ugrukdyrmak baş maksadymyzdyr.

Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.