"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Kuraş — 2023: Üstünlikler dowam edýär

Şu gün — 28-nji noýabrda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça çempionatynyň jemleýji tutluşyklary ýaýbaňlandyryldy. Erkekler 90 we 100 kilograma çenli hem-de 100 kilogramdan ýokary agram derejelerinde medallar ugrunda göreşýär. Zenan türgenler -48 kg, -52 kg, -57 kg, -63 kg, -70 kg agram derejelerinde tutluşdylar. Ýaryşyň birinji gününde 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazanan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň pälwanlary bu gün hem baýrakly orun ugrunda  göreşýärler. Erkeklerden -60 kg agram derejesinde çykyş edýän Wepa Awliýakulyýew, -66 kg agramda göreşýän Döwlet Hamrakulyýew, -73 kg-de Şatlyk Jumanyýazow, -81 kg-de Daýanç Omirow, zenanlardan bolsa -78 kg-de Sabina Kadyrowa, 87 kg-den ýokary agram derejesinde Sabina Agajanowa dagy ussatlygyny subut edip, dünýä çempionatynyň ýarym finalynda göreşmäge hukuk gazandy.

Türkmen türgenleri Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji gününde 8 medala mynasyp boldular

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň maksatnamasy esasynda ýaryşlar badalga aldy. Ak mermerli Aşgabatda dünýä derejesindäki ýaryşyň guralmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berýändiginiň nyşany bolup, bu babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler halkara sport giňişliginde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň barha ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Sport — parahatçylygyň we jebisligiň bähbidine

Täze taryhy eýýamda milli sportumyzyň täze belentliklere çykmagy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak ugrunda başyny başlan köptaraply işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, täze sepgitleri nazarlaýandygynyň buýsandyryjy güwäsidir. Onuň, hakykatdan-da, şeýledigine ýakynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň — Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyz ÝUNESKO bilen 1993-nji ýyldan bäri özara ysnyşykly gatnaşyklary saklap gelýär. Türkmenistan geçen 30 ýylyň dowamynda bu abraýly halkara gurama bilen bilelikde taryh, medeniýet, bilim we ylym babatda taslamalaryň birnäçesini üstünlikli durmuşa geçirdi. Guramanyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti 1978-nji ýylda döredilip, ol agza döwletleriň 18-siniň bedenterbiýe we sport ulgamy boýunça hünärmen wekillerinden ybaratdyr. Olar dört ýyl möhlete çenli saýlanyp, komitete tehniki goldaw we maslahat berýärler. Türkmenistanyň şeýle abraýly hökümetara komitetiň düzümine saýlanylmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň olimpiýa hereketini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, beden hem ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýeläp

Türkmen türgenleri Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji gününde 8 medala mynasyp boldular

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň maksatnamasy esasynda ýaryşlar badalga aldy. Ak mermerli Aşgabatda dünýä derejesindäki ýaryşyň guralmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berýändiginiň nyşany bolup, bu babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler halkara sport giňişliginde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň barha ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Taryhy pursatlar, guwandyryjy üstünlikler

Sekiz türgenden 8 medal! Şol sanda 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal. Ynha, paýtagtymyzda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji güni türkmen ýygyndysynyň agzalary we olaryň janköýerleri üçin şeýle netijeler bilen tamamlandy. Munuň özi guwandyryjy netije. Çempionatyň birinji gününde çykyş eden türgenlerimiziň hiç biriniň hem medalsyz galmazlygy aýratyn bellenilmeli ýagdaý. Başga bir tarapdan, bu netije hormatly Prezidentimiziň milli ýygyndymyzyň agzalary üçin döreden giň mümkinçilikleriniň miwesi. Şonuň üçinem Aşgabatda geçirilýän çempionatyň ilkinji gününi üstünlikli we taryhy gün hasaplap bolar. Türgenlerimizden goşa çempionlyk

Söz — medalçylardan

Aýşirin HAÝDAROWA,kümüş medalyň eýesi:

Doganlyk we ýürekdeşlik ruhy

90 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempiony bolan özbegistanly türgen Erkin Kozokow gazetimiziň geçen sanlarynda hem biziň bilen ilkinji täsirlerini paýlaşypdy. Ol çempionlykdan soň, has ýürege ýakyn maglumaty aýdyp berdi: — Men Özbegistanyň Samarkant welaýatynyň türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan etrapçasyndan. Gelip-çykyşym boýunça türkmen. Şonuň üçin şu çempionatda men öz Watanymda hem özbek, hem türkmen türgeni hökmünde çempion boldum diýip hasap edýärin.

Dost-doganlygyň toýy

Parahatçylygyň we dost-doganlygyň merkezi hökmünde dünýäde ykrar edilen gözel paýtagtymyzda adamzady jebisleşdirýän gymmatlyklaryň ilçisi hasaplanýan sportuň baýramçylygy — Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýokary ruhubelentlige beslenýär. Dünýäniň çar tarapyndan garşy alan myhmanlarymyzyň ýüzlerindäki begenç duýgulary, söhbetdeşliklerimizdäki mähirli sözleri olaryň eziz Diýarymyza, ilkinji nobatda, medallar ugrunda bäsleşmek üçin däl-de, dostlukly gatnaşyklary berkitmäge gelendigine şaýatlyk edýär. Myhmansöýerligiň belent nusgasy

Taryha ýazylan sport wakasy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 23 — 28-nji noýabr aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty türkmen sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalaryň biri boldy. Ýokary guramaçylykly we uly ruhubelentlikde geçýän dünýä çempionatyna ençeme döwletleriň milli ýygyndy toparlary gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Dünýä çempionatynyň geçirilýän günlerinde gözel paýtagtymyz baýramçylyk ruhuna beslendi. Sport ýaryşyna gatnaşmaga gelen myhmanlar milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, duz-çörek bilen garşy alyndy. Paýtagtymyzyň merkezi köçelerinde hem-de Olimpiýa şäherçesinde «Kuraş boýunça dünýä çempionatyna hoş geldiňiz!» diýen ýazgylar ýerleşdirildi. Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda hem-de oňa ýanaşyk türgenleşik merkezlerinde milli we ýadygärlik önümleriniň söwda nokatlary guraldy. Bu ýerde dünýä çempionatynyň nyşany bilen bezelen dürli görnüşli harytlar hödürlenildi.

Kuraş — 2023: Ilkinji günde iki altyn medal

Şu gün — 27-nji noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji tutluşyklary boldy. Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda ir bilen türgenleriň agramyny çekmek çäresi geçirildi. Soňra erkekleriň arasynda agram derejeleriniň üçüsi, zenan türgenleriň arasynda bolsa bäşisi boýunça tutluşyklara badalga berildi. Günüň birinji ýarymynda erkekleriň arasynda 90 we 100 kilograma çenli agram derejelerinde hem-de 100 kilogramdan ýokary agramda deslapky tutluşyklar çekeleşikli häsiýetde geçdi. Zenanlaryň arasynda -48, -52, -57, -63, -70 kilogram agram derejelerinde deslapky tutluşyklarda dürli halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanan türgenler ýurdumyzyň sport abraýyny goramak üçin göreş düşekçesine çykdy.

Paýtagtymyzda kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirilýär

Sport ýaryşlarynyň merkezine öwrülen ak şäherimiz Aşgabatda şu günler ýene bir ajaýyp sport baýramçylygy — Kuraş boýunça dünýä çempionaty dowam edýär. Dabaralaryna 23-nji noýabrda badalga berlen çempionatyň ýaryşlary düýn başlandy. Taryhda 14-nji gezek geçirilýän dünýä çempionatyna Ýer ýüzüniň 50-den gowrak döwletinden 500-e ýakyn myhman gatnaşýar. Dünýä çempionatynyň ýaryşlary 15 agram derejesinde geçirilýär: şol sanda olaryň 7-si erkekleriň, 8-si bolsa zenanlaryň arasyndaky ýaryşlara degişlidir. Dünýä çempionatyna 15 türgen bilen gatnaşýan Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylaryny Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Dörtguly Tejenow bilen Şirin Kubaýewa taýýarlady.

Sportly Türkmenistan we türkmenistanly ýaşlar

Ýurdumyzda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionaty uly üstünliklere beslenýär Ata Watanymyzda bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketi giň gerime eýe boldy. Dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň müňlerçesini özünde jemleýän köpçülikleýin sport çärelerini, şeýle hem halkara sport ýaryşlaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Muňa 23-nji noýabrda paýtagtymyz Aşgabatda badalga alan Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty aýdyň mysaldyr.

Türkmen sporty şöhratlanýar

Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär, halklary we döwletleri jebisleşdirýär. Sport — parahatçylygyň ilçisi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçen umumy sapagyndaky çykyşynda: «Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir. Sport siziň beden we ruhy sagdynlygyňyz babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir» diýip belledi. Ýeri gelende nygtasak, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, umumybilim berýän, şeýle-de ýöriteleşdirilen orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe taýýarlygy boýunça sapaklar girizildi. Netijede, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi Türkmenistanda giň gerime we uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe boldy.

Zenan türgenler Kuraş boýunça dünýä çempionatyna üstünlikli başladylar

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Çempionatyň birinji gününde agram derejeleriniň 8-si boýunça ýaryşlar geçirilýär. Häzire çenli türkmenistanly türgenler ajaýyp netijeleri görkezip gelýärler. Şolaryň arasynda zenan türgenlerimiz hem bar.

Kuraş boýunça dünýä çempionaty: ilkinji şowly netijeler

Kuraş boýunça dünýä çempionaty — 2019-yň altyn medalynyň eýesi, 52 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysyna wekilçilik edýän Aýnur Amanowa Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatyndaky çykyşyna hem ýeňiş bilen başlady. Ýaryşa çärýek finaldan girişen türkmenistanly türgen moldowaly Wera Zoreany ýeňip, adyny ýarym finala ýazdyrmagy başardy. Bu bolsa Aýnuruň şu gezekki çempionatda hem azyndan bürünç medaly gazanmagyny kepillendirýär.

Woleýbolçylar bäsleşdiler

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmekde uly tagallalar edilýär. Halkyň saglygyny berkidip, sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmakda möhüm ähmiýete eýe şu çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle işler hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän sport syýasatynyň durmuşa geçirilmegine itergi berýär. Golaýda TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramagynda Garagum etrabynyň sport mekdebinde ýokary synp okuwçy gyzlaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş çekeleşikli geçip, woleýbolçylardan düzülen toparlar oňa ykjam taýýarlykly gelendiklerini äşgär etdiler. Eminler toparynyň gelen kararyna laýyklykda 1-nji orna etrabyň 8-nji orta mekdebiniň woleýbolçy gyzlary mynasyp boldular. 2-nji we 3-nji orunlary degişlilikde 23-nji we 1-nji orta mekdepleriň woleýbolçy toparlary eýelediler. Ýaryşyň ýeňijilerine TMÝG-niň etrap geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle sport ýaryşlary ýaşlary sporta çekmekde gowy netijesini berýär.

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklary başlandy

Aşgabatdaky Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklary başlandy. Häzirki wagtda ýaryşyň deslapky tutluşyklary geçirilýär. Çempionatyň dowamynda göz öňünde tutulan 15 agram derejesiniň sekizisi boýunça ýaryşlar şu gün geçiriler. Has takygy, günüň ahyryna çenli erkekleriň arasynda 90 we 100 kilograma çenli, 100 kilogramdan ýokary, zenanlaryň arasynda bolsa 48, 52, 57, 63 hem-de 70 kilograma çenli agram derejelerinde dünýäniň täze çempionlary we dünýä çempionatynyň täze medalçylary belli bolar.

Türkmenistanda Kuraş boýunça dünýä çempionaty açyldy

Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu waka Aşgabadyň halkara sport merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň Halkara kuraş assosiasiýasy tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketi giň gerime eýe boldy. Dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň müňlerçesini özünde jemleýän köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýokary netijeli sporty ösdürmäge, halkara derejeli sport ussatlarynyň, türgenleriň we degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň türgenleri iri halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara, medallara eýe bolýarlar. Şu ýylyň başyndan bäri türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryň 243-sine gatnaşyp, 190 altyn, 194 kümüş we 290 bürünç, umumylykda 674 medala mynasyp boldular. Bularyň ählisi sport ýurdy hökmünde Watanymyzyň abraý-mertebesiniň artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda Kuraş boýunça dünýä çempionaty açyldy

Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu waka Aşgabadyň halkara sport merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň Halkara kuraş assosiasiýasy tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketi giň gerime eýe boldy. Dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň müňlerçesini özünde jemleýän köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýokary netijeli sporty ösdürmäge, halkara derejeli sport ussatlarynyň, türgenleriň we degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň türgenleri iri halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara, medallara eýe bolýarlar. Şu ýylyň başyndan bäri türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryň 243-sine gatnaşyp, 190 altyn, 194 kümüş we 290 bürünç, umumylykda 674 medala mynasyp boldular. Bularyň ählisi sport ýurdy hökmünde Watanymyzyň abraý-mertebesiniň artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Täze şähere seýran

Öňňin Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylar üçin Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Arkadag şäherine gezelenç guraldy. Türgenler, olaryň tälimçileri we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri şäheriň gözel künjekleri, medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň uly toplumyny özünde jemleýän infrastrukturasy bilen tanyşdylar. Myhmanlar üçin täze şäherdäki döwrebap sport desgalary bilen tanyşlyk hem guraldy. Sportda uly üstünlikleri gazanjak türgenleriň kemala gelmegine, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, beden, ruhy taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmeklerine ýardam berjek bu sport desgalarynyň halkara ülňülere doly laýyk gelýändigini aýratyn nygtamak gerek. Myhmanlaryň Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionyna gezelenji has-da täsirli boldy. Bu ýerde futbol duşuşyklary bilen birlikde, sportuň agyr atletika, küşt, şaşka, bilýard, stol tennisi, boks, woleýbol, basketbol, tennis ýaly görnüşleri boýunça türgenleşikleridir ýaryşlary geçirmäge hem giň mümkinçilikler döredilendir.