Doganlyk we ýürekdeşlik ruhy

28 Noýabr 2023
326

90 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempiony bolan özbegistanly türgen Erkin Kozokow gazetimiziň geçen sanlarynda hem biziň bilen ilkinji täsirlerini paýlaşypdy. Ol çempionlykdan soň, has ýürege ýakyn maglumaty aýdyp berdi:

— Men Özbegistanyň Samarkant welaýatynyň türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan etrapçasyndan. Gelip-çykyşym boýunça türkmen. Şonuň üçin şu çempionatda men öz Watanymda hem özbek, hem türkmen türgeni hökmünde çempion boldum diýip hasap edýärin.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.