Kuraş — 2023: Üstünlikler dowam edýär

28 Noýabr 2023
429

Şu gün — 28-nji noýabrda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça çempionatynyň jemleýji tutluşyklary ýaýbaňlandyryldy. Erkekler 90 we 100 kilograma çenli hem-de 100 kilogramdan ýokary agram derejelerinde medallar ugrunda göreşýär. Zenan türgenler -48 kg, -52 kg, -57 kg, -63 kg, -70 kg agram derejelerinde tutluşdylar.

Ýaryşyň birinji gününde 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazanan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň pälwanlary bu gün hem baýrakly orun ugrunda  göreşýärler. Erkeklerden -60 kg agram derejesinde çykyş edýän Wepa Awliýakulyýew, -66 kg agramda göreşýän Döwlet Hamrakulyýew, -73 kg-de Şatlyk Jumanyýazow, -81 kg-de Daýanç Omirow, zenanlardan bolsa -78 kg-de Sabina Kadyrowa, 87 kg-den ýokary agram derejesinde Sabina Agajanowa dagy ussatlygyny subut edip, dünýä çempionatynyň ýarym finalynda göreşmäge hukuk gazandy.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».