Taryha ýazylan sport wakasy

27 Noýabr 2023
250

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 23 — 28-nji noýabr aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty türkmen sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalaryň biri boldy. Ýokary guramaçylykly we uly ruhubelentlikde geçýän dünýä çempionatyna ençeme döwletleriň milli ýygyndy toparlary gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezýärler.

Dünýä çempionatynyň geçirilýän günlerinde gözel paýtagtymyz baýramçylyk ruhuna beslendi. Sport ýaryşyna gatnaşmaga gelen myhmanlar milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, duz-çörek bilen garşy alyndy. Paýtagtymyzyň merkezi köçelerinde hem-de Olimpiýa şäherçesinde «Kuraş boýunça dünýä çempionatyna hoş geldiňiz!» diýen ýazgylar ýerleşdirildi. Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda hem-de oňa ýanaşyk türgenleşik merkezlerinde milli we ýadygärlik önümleriniň söwda nokatlary guraldy. Bu ýerde dünýä çempionatynyň nyşany bilen bezelen dürli görnüşli harytlar hödürlenildi.

Bibisara GULMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.