Türkmen türgenleri Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji gününde 8 medala mynasyp boldular

28 Noýabr 2023
256

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň maksatnamasy esasynda ýaryşlar badalga aldy.

Ak mermerli Aşgabatda dünýä derejesindäki ýaryşyň guralmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berýändiginiň nyşany bolup, bu babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler halkara sport giňişliginde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň barha ýokarlanmagyna ýardam berýär.